D. AZADY ADYNDAKY MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY MEÝLETINLERI TAÝÝARLAMAGA IŞEŇŇIR GATNAŞDY

photo

Sport äleminde uly wakanyň – agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna bary-ýogy birnäçe gün galdy, oňa 100 ýurtdan 800-e golaý türgen gatnaşar. 

Ýaryşa iri halkara ýaryşlarynda, şol sanda “Aşgabat 2017” Oýunlarynda işläp tejribe toplan türkmen meýletinleriniň 500-si hyzmat ederler. Okuw jaýlarynyň ählisiniň wekilleri meýletin kömekçileriň hataryna goşuldylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we mugallymlary hem meýletinler hereketine işjeň gatnaşýarlar. Bu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri daşary ýurtly myhmanlar üçin türkmen-rus-iňlis dilli gepleşik kitabyny taýýarladylar. 

Meýletinleri saýlamak üçin dürli bäsleşikler we synaglar gurnaldy. Daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilýän talyplar ileri tutuldy. Dil taýýarlygyndan başga-da Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň we düzümleriniň özboluşlylygyna, ýurduň taryhyna we häzirki ösüşiniň esasy ugurlaryna, türkmen halkynyň däplerine we medeniýetine, meýletin kömekçileriň söhbetdeşlik endiklerini kämilleşdirmäge uly üns berildi. 

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde milli we halkara sport hereketiniň taryhy boýunça okuw türgenleşikleri geçirildi. Talyplar abraýly dünýä birinjiligine görlen uly möçberli taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. Meýletinleriň sport lukmançylgyndan, interaktiw tehnologiýalaryndan başrnyklary bar. 

Ýaş nesliň wekillerine daşary ýurtly türgenleri we köpsanly myhmanlary türkmen myhmansöýerligi we göwnaçyklygy bilen gurşap almak, ýurdumyz, onuň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary we häzirki üstünlikleri barada giňişleýin düşünje bermek ýaly hormatly wezipe ynanyldy. Çempionat mynasybetli meýletinler üçin agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň nyşany we keteni bölekleri ýerlşedirilen ýörite sport lybaslary taýýarlanyldy.