DARGANATA ETRABYNYŇ EKERANÇYLARY DÖWLET TABŞYRYGYNY ÝERINE ÝETIRENDIKLERI BARADA HASABAT BERDILER

Darganata etrabynyň ekerançylary pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar Watan harmanyna 6 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.
Lebap welaýatynyň demirgazyk etrabynyň 3,5 müň gektar pagta meýdanlarynda zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, ekerançylaryň, mehanizatorlaryň sazlaşykly işlemekleri, olaryň janypkeşlikli, yhlasly zähmeti, hyjuwy, topraga bolan eýeçilikli gatnaşyklary üstünlik gazanmaklaryna getirdi.
Ýygym möwsüminiň üstünliginiň toparyň hyzmatyna baglydygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umumy tagallalaryň miwesi, olaryň netijeliligi hut ýygymyň ähli halkalarynyň sazlaşykly işlemegine baglydyr. Bu işde darganatalylar ýokary jogapkärçiligiň, işe başarnykly çemeleşmegiň we özara agzybir hereket etmegiň nusgasyny görkezdiler.
Bu işe öz borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren “Lebap” hem-de Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň kärendeçileri has-da saldamly goşant goşdular. Olar, degişlilikde, kabul ediş bölümlerine 400 tonna we 120 tonna “ak altyny” borçnamadan artyk tabşyrdylar.
Oňat netijeleri gazanan öňdebaryjylaryň hatarynda “Lebap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi O.Öwezowa hem bar. Ol 2 gektar meýdandan 10 tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnady. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 52 sentnere barabar bolandygyny aňladýar. Bu hojalygyň pagtaçysy P.Täçmämmedowa bolsa özüniň bir ýarym gektar kärende ýerinden 8 tonna golaý pagta ýygnap, gektaryň hasyllylygyny 50 sentnere ýetirmegi başardy.
Etrabyň ekin meýdanlarynda heniz pagta köp. Darganatalylar hasyly soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamagy maksat edinýärler.
Bu etrabyň ekerançylary 100 gektar ekin meýdanyndan şaly ýygnamak işini hem üstünlikli tamamlap, ýene bir zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan çäjine meýilnamalaşdyrylan 465 tonna şalynyň ýerine bu azyklyk dänäniň 506 tonnasyny tabşyrdylar.
Darganatanyň oba zähmetkeşleriniň gazanan bu iki zähmet ýeňşi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ekerançylarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek baradaky hemişelik aladasyna mynasyp jogap boldy. Bular ýurdumyzda pagtaçylar üçin häzirkizaman tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynýandygynyň, daýhanlaryň ýeňillikli bahalarda mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilýändiginiň, tabşyrylan hasyl üçin olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.
Pagta ýygmak boýunça döwlet tabşyrygyny ýerine ýetiren we şalynyň bol hasylyny ýygnan Darganata etrabynyň ekerançylarynyň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna saldamly goşant boldy.