HAZARYŇ GIDROMETEOROLOGIÝASY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETIŇ MEJLISI

Paýtagtymyzda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň (HGUK) nobatdaky maslahaty açyldy. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri, şeýle hem birnäçe halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän duşuşyk ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.
“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler otagynda geçýän iki günlük maslahatyň barşynda HGUK-nyň alyp baran işleriniň hem-de gidrometeorologiýa gulluklarynyň 2017 — 2018-nji ýyllarda geçiren işleriniň jemleri, şeýle hem 2023-nji ýyla çenli döwür üçin Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça Hökümetara toplumlaýyn maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, halkara guramalar we beýlekiler bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Mälim bolşy ýaly, HGUK-nyň alyp barýan işi Hazaryň ýagdaýy baradaky gidrometeorologiýa maglumatlary almagyň sebit ulgamynyň kemala getirilmegine we ösdürilmegine hem-de bu deňziň giňişliklerinde, şeýle-de kenarýaka zolaklarynda howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan deňiz gatnawynyň hem-de işleriň beýleki görnüşleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şol maglumatlaryň alşylmagyna gönükdirilendir. Tertipnama laýyklykda, her iki ýyldan bir gezek Hazarýaka ýurtlarynyň biri Komitete ýolbaşçylyk edýär.
Türkmenistan 2013 — 2014-nji ýyllarda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitete başlyklyk etmek bilen Hazar deňziniň Hazaryň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasyny düzmäge işjeň gatnaşdy, oňa hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda geçirilen IV sammitinde gol çekildi. Şonda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri öňe sürdi. Bu ylalaşyk güýje girenden soňra kenarýaka ýurtlaryň degişli gulluklarynyň meteorologiýa we gidrologiýa gözegçilikleriniň hem-de barlaglaryň ähli ugurlary boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler açyldy.
HGUK-nyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG), ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa topary (HOT), Hazar deňziniň Daşky gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň müdiriýeti we beýlekiler bar.
Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda bilelikdäki işiň esasy Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň telearagatnaşyk ulgamynyň ýaýlymlary boýunça maglumatlary dessin alyşmak bolup durýar. Mundan başga-da, soňky ýyllaryň dowamynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň “Hazar deňziniň derejesi barada maglumatlaryň Baş katalogy” ýaly taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirildi, bu katalog 1900-nji ýyldan başlap, gözegçilikleriň ähli döwrüni öz içine alýar. Deňziň derejesiniň ýagdaýy barada maglumatlar yzygiderli neşir edilýär, olarda deňiz derejesiniň hakyky ýagdaýyna hem-de pasyllar boýunça garaşylýan üýtgemelerine baha berilýär.
Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň kataloglarynyň üsti täze maglumatlar bilen yzygiderli doldurylýar, onda suwuň gyzgynlyk derejesine, howanyň sebit aýlanyşygyna we Hazar deňzinde suwuň üstki akymy barada maglumatlar saklanylýar. HGUK-nyň hünärmenler, şeýle hem giň köpçülik üçin niýetlenen saýtynyň “Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça ýol görkezijisi”, “Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça senenama” we beýlekiler ýaly bölümleri täzelenildi.
Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar HGUK-nyň işine hem-de Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we monitoringi ulgamynda ýeten sepgitlerine oňyn baha berdiler, gazanylan netijeler milli gulluklaryň hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin binýady emele getirýär. Hususan-da, çykyşlarda gözegçilikleri geçirmek, meteorologiýa we gidrologiýa maglumatlaryny toplamak, saklamak we ýaýratmak ulgamlaryny ösdürmek boýunça milli derejede geçirilýän işleriň ýagdaýy we mümkinçilikleri seljerildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň düzüminde häzirki zaman gidrometeorologiýa stansiýalarynyň we nokatlarynyň ulgamy hereket edýär. Olaryň hatarynda Hazar sebitinde gurnalan “Türkmenbaşy”, “Garabogaz”, “Hazar”, “Guwlymaýak”, “Ogurjaly” awtomatik deňiz stansiýalary we beýlekiler bar. Hususan-da, tolkunlaryň, deňziň üstüniň, ýeliň akymlarynyň we ugurlarynyň monitoringi üçin WERA (Germaniýa) deňiz zondiriniň (barlagynyň) ýokary tehnologiýaly ulgamy peýdalanylýar.
Deňiz radarlary hatda adatdan daşary howa şertlerinde-de iň ýokary howa maglumatlaryny almaga, deňiz portlaryny, gözleg-halas ediş gulluklaryny, ylmy we tebigaty goraýyş guramalaryny, syýahatçylyk industriýasynyň, nebitgaz we balyk senagatynyň kärhanalaryny we beýlekileri ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde awiasiýa ýa-da gidrologiýa üçin öňünden kesgitleýji aýratyn wezipeleri çözmek üçin radiozondirleýiş bekedi we meteorologik radar bar.
Gullugyň ölçeýji we synlaýjy beketlerinden alynýan ähli maglumatlar “Türkmengidrometiň” Aşgabatda gurlan täze binasynda ýygnalýar we işlenilýär. Bu maksatlar üçin ýokary öndürijilikli kompýuter toplumy, iň täze hyzmat platformasy peýdalanylýar. Ol biziň ýurdumyzyň çäklerindäki, şeýle hem halkara maglumat merkezleriniň we emeli hemralaryň meteorologik synlaýyşlarynyň esasynda alnan hasaplaryň esasynda gysga möhletleýin we orta möhletleýin öňünden kesgitleýişleri düzmäge mümkinçilik berýär.
Mejlisiň çäklerinde şeýle hem 2023-nji ýyla çenli döwür üçin Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda Hökümetara maksatnamasynda bellenilen orta möhletli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin indikatorlary işläp taýýarlamak teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň strategiýasyny we missiýasyny, milli we bilelikdäki işiň ýyllyk meýilnamasyny özünde jemleýär.
Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýän, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sammitlerinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň “Rio+20” ählumumy maslahatynda we beýleki iri forumlarda ýaňlanan döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Aşgabatda tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň açylmagy hakyndaky, şeýle hem ajaýyp tebigy toplumy bütin adamzadyň baýlygy bolan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň köptaraply gurallaryny döretmek babatdaky teklipler bar.
Türkmen Lideri ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamyny, täsin tebigy suw giňişligiň biodürlüligini gorap saklamagy, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmagy hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde öňe sürýär. Biziň ýurdumyz ähli goňşular we hyzmatdaşlar, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen ysnyşykly özara gatnaşykda Hazaryň mümkin bolan ekologik meselelerini duýdurmak we bar bolanlaryny çözmäge täze çemeleşmeleri hödürläp, bu ugurda milli derejede yzygiderli iş alyp barýar.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly (Tähran) konwensiýa dünýäde iň iri içerki suw howdanyny, onuň täsin tebigy hem-de gidrologiýa gurşawy bilen goramak boýunça milli strategiýalar hem-de halkara hyzmatdaşlygy üçin anyk ugurlary kesgitlän ilkinji köptaraply şertnamalaýyn resminama boldy.
Häzirki wagtda bu resminamada beýan edilýän halkara-hukuk binýady Hazar meselesiniň dürli ugurlarynyň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde ösüşe eýe boldy. Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow barlag işleriniň geçirilmegini aýratyn belleýär.
2013-nji ýylyň noýabr aýynda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň Aşgabatda geçirilen maslahatynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýanyň müdiriýeti bilen özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekilendigini ýatladýarys. Häzirki wagtda HGUK bu Konwensiýa monitoring we maglumatlary alyşmak boýunça teswirnamany taýýarlamaga gatnaşýar.
Tutuşlygyna alnanda, bularyň ählisi HGUK-nyň “Özara howpsuzlyk we adamlaryň hem-de deňziň bähbidi üçin gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly şygarynyň soňky ýyllarda özüniň durmuşa geçirilmegi üçin ýene bir kuwwatly itergä eýe bolandygynyň subutnamasydyr.
Ertir Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň mejlisi işini dowam eder. Onuň jemleri boýunça maslahatlar taýýarlanylar hem-de Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen degişli resminamalara gol çekiler.