TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo “Lion Air” awiakompaniýasynyň uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçrandygy zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda halkymyzyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.