EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA GÖK ÖNÜMLERI ÖNDÜRMEK – TELEKEÇILIGI ÖSDÜRMEGIŇ UGURLARYNYŇ BIRIDIR

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hangala” hususy kärhanasynyň Görogly etrabynyň “Berkarar” daýhan birleşiginde gurýan ýyladyşhanasynda ... bal arylar ýakyn kömekçiler boldular. Olar pomidorlary tozanlandyrýarlar. Kiçijik bal ary öýleri Türkiýede satyn alyndy.
Hünärmenleriň pikirine görä, ösümlikleriň güllerini tebigy tozanlandyrmak – bol hasyl ýetişdirmegiň, şeýle hem eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek jähtinden ekologiýa taýdan arassa önüm almagyň netijeli agrotehniki usulydyr. Hususy ýyladyşhana hojalygynda bäş gektar ýerde ýüzlerçe tonna pomidor, şol sanda onuň islegli çerri görnüşi ýetişdiriler.
Toplumyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy sypatly, ekologiýa taýdan amatly we uzak wagt ulanylýan gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Tehnologik işe başdan-aýak kompýuter programmasy gözegçilik edýär. Ýewropanyň esasy önüm öndürijilerinden alnan döwrebap enjamlar awtomatik usulda amatly ýylylygy we ýagtylygy, çyglylyk derejesini saklamagy we topraga ýokumly maddalaryň berilmegini üpjün edýär.
Taýýar önüm alyjylara iberilmezden öň ýörüte laboratoriýada hil taýdan barlanylýar. Hojalyk özbaşdak ýyladyş we suw beriş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan. Toplumyň meýdançasynda ammar gurlan, tiz wagtda naharhana, edara jaýy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki düzümleýin binalar peýda bolar. Onuň töweregine miweli agaçlar ekildi.