GOLDEN HORN BRASS TÜRK KWINTETI “ANADOLY OWAZLARY” BILEN TANYŞDYRDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Golden Horn Brass türkiýeli üflenip çalynýan saz gurallary kwinteti “Anadoly owazlary” konserti bilen çykyş etdi. Türkiýe Respublikasynyň Gününe bagyşlanan konserti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkiýäniň Aşgabatdaky Ilçihanasy guradylar. Saz toparynyň ady “Altyn surnaý” diýlip terjime edilýär, onda teatr çyralarynyň şöhlesine ýalpyldaýan latundan ýasalan üflenip çalynýan az gurallary, Stambuldaky Altyn buýnuz aýlagy bilen-de meňzeşlik duýulýar.
Sazandalaryň bäşisi – Begum Gökmen, Julian Lupu, Husein Çakyr, Emre Berbergil we Renato Lupu dagy iki truba, surnaý, trombon we tuba saz gurallarynda ilkinji gezek ýurdumyzda çykyş etdiler. Sazandalar üflenip çalynýan saz gurallarynyň çeper owazlaryndan peýdalanyp, diňleýjileri dünýä saz medeniýetiniň dürli röwüşli sazlary bilen tanyşdyrdylar. Konsert Juzeppe Werdiniň “Aida” operasyndan marş bilen açyldy. Türk sazlary, şeýle hem Žorž Bizeniň “Karmen” operasyndan bölekler, rus halk sazlaryndan popurri we Nury Halmämmedowyň jaz usulynda gaýtadan işlenilen “Nar agajy” we “Türkmen bahary” eserleri üýtgeşik äheňde ýaňlandy.
Türkmen kirişli saz gurallary kwarteti: Bahram Dolyýew (birinji skripka), Akmyrat Gurbanow (ikini skripka), Tahyr Ataýew (alt), Kakageldi Hojalekow (wiolençel) Nury Halmämmedowyň, Aman Agajykowyň, Röwşen Nepesowyň eserlerini ýüreklere ýakyn röwüşde ýerine ýetirip, agşamy hoş owazlar bilen bezedi.
Soňra tomaşaçylar garaşylmaýan ýakymly sowgadyň şaýady boldular: Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgäri Mehmet Turkaý diňleýjileri ajaýyp bariton sesli aýdymy bilen haýrana goýdy. Tomaşaçylar sazandalaryň ussatlygyny şowhunly el çarpmalar we gül desseleri bilen mübäreklerdiler.
Metbugat konferensiýasynda Begum Gökmen žurnalistleriň sowallaryna jogap berende 2004-nji ýylda döredilen saz toparyna diňe bir Türkiýede üflenip çalynýan saz gurallaryna ussatlaryň däl, eýsem pikirdeşleriň birleşendigini belledi, çünki bilelikde üstünlikli çykyş etmek üçin, onuň pikirine görä, özara düşünişmek we saz çalnanda sazlaşykly pikirlenmek has möhümdir. Geçen döwürde topar diňe bir Türkiýede däl, eýsem daşary ýurtlarda hem meşhurlyk gazandy. 2017-nji ýylda Golden Horn Brass Türkiýäniň iň güýçli saz topary diýlip yglan edildi. Olar ýurtlaryň onusynda – Moldowada, Germaniýada, Awstriýada we beýeki ýurtlarda gastrolda, şeýle hem festiwallara gatnaşyjy hökmünde çykyş etselerem, bu sapar sazandalaryň Orta Aziýa ilkinji gelşidi.
Begum Gökmen: “Orta Aziýa ýurtlaryndan ilkinji baran ýerimiziň Türkmenistan bolandygyna guwanýarys, çünki biziň halklarymyzy taryhy-ruhy umumylyk birleşdirýär. Aşgabat bizi üýtgeşik binalary we arassalygy bilen haýran etdi. Biz myhmansöýerligiňiz we göwnaçyklygyňyz üçin size minnetdardyrys”—diýdi.