BALKANABATDA “PARFIÝA GURLUŞYK” HK-NYŇ ÖNÜMLERINE ULY ISLEG BILDIRILÝÄR

Balkanabatda “Parfiýa Gurluşyk” hususy kärhanasynyň çörek bişirilýan kärhanasynda çörek-bulka önümlerini öndürýän könweýer peçi işe girizldi, ol şäheriň söwda nokatlaryna ýurdumyzda ýetişdirilýän çig maldan 500 kilograma çenli tagamly önüm ugradýar. Ýakyn wagtda telekeçiler çörek-bulka önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we süýji önümlerini çykaryp başlamagy göz öňünde tutýarlar.
Şu ýylyň sentýabrynda HK Balkanabatda aş önümlerini öndürýän kiçi zawod açdy. Önümçilik Italiýada öndürilen enjam – iki bunkerli galyba salýan, awtomatlaşdyrylan gaplaýjy enjamlar, guradyjy şkaflar we beýleki kömekçi enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Kärhanada günde şäher ilatynyň arasynda islegli bir müň kilogram ýokary hilli önüm: unaşlaryň, aşlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär. Ýakyn wagtda kärhananyň öz firma dükany hem açylar, onda “Parfiýa Gurluşyk” HK-nyň önümleriniň ähli görnüşleri satylar.