GARAGUM ETRABYNYŇ PAGTAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI

photo

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ekerançylary Watan harmanyna 44 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Tutuş welaýat boýunça bolsa 252 müň tonnadan gowrak pagta hasyly ýygnalyp, döwlet tabşyrygy 80,5 göterim ýerine ýetirildi.

Welaýatyň Türkmengala etrabynda hem gymmatly çig maly ýygnamak işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu etrapda 29,2 müň tonna golaý pagta taýýarlanyp, bellenen meýilnama 90 göterim berjaý edildi.

Mary welaýatynda 165 müň gektar meýdana gowaça ekildi. Gowaçanyň orta süýümli “Ýolöten — 7” we “Ýolöten — 39” ýaly görnüşleri, şeýle hem “Ýolöten — 14” inçe süýümli görnüşi ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýändigini görkezdi. Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň ep-esli bölegini tutýan gowaçanyň bu görnüşleri türkmen seçgiçileri tarapyndan Murgap jülgesiniň bereketli topragynda döredildi.

Şu möwsümde pagtaçylara aýratyn köp tehnikalaryň getirilendigini bellemek gerek. Möwsümiň başynda sebitiň ekin meýdanlarynda 324 sany kombaýn çykaryldy, bu ozalky ýyldakydan 41 kombaýn köpdür.

2016-njy ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi bilen “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasynyň arasynda, şol sanda dürli oba hojalyk tehnikasynyň 1 müň 350-sini satyn almak barada şertnama baglaşylandygyny ýatladýarys. Hususan-da, şertnamada “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 400-sini Türkmenistana tapgyrlaýyn getirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Özbegistanda Daşkendiň oba hojalyk tehnikasy zawodynda çykarylýan “MX-1,8” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si satyn alyndy.

Pagtaçylar ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ýokary derejeli tehnika bilen üpjün etmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler. Döwletimiz tarapyndan obasenagat toplumyna berilýän hemmetaraplaýyn goldaw netijesinde, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak hem-de ekerançylygyň düşewüntliligini artdyrmak üçin ähli şertler döredilýär.

Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, bu welaýatda hem möwsümi geçirmegiň anyk meýilnamasy düzüldi. Kombaýnlara tehniki hyzmat etmek, olar üçin çalgy ýaglaryny getirmek, tejribeli ussalardan, zerur enjamlardan we gurallardan ybarat göçme abatlaýyş toparlaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleler dessin çözülýär.

Pagta hasylynyň meýdanlardan ilki kabul ediş bölümlerine, soňra bolsa gaýtadan işleýän zawodlara ýitgisiz getirilmegine aýratyn üns berilýär. Mundan üç ýyl ozal Sakarçäge etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna deň bolan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman kärhana işe girizildi.

Onda ABŞ-nyň we Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň, şol sanda dünýä belli “BS Supply” kompaniýasynyň enjamlary oturdyldy, olar çig maly ýokary hilli gaýtadan işlemäge, himiki usulda pagta tohumyny arassalamaga, kesellere garşy olary gaýtadan işlemäge ýörite ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmaga hem-de 20 kilogram agramdaky gaplara gaplamaga mümkinçilik berýär.

Şu günler pagta ýygymyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan pagtaçylaryň öňünde goýlan möhüm wezipäni berjaý etmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmetleri bilen ýygymyň depginini has-da güýçlendirip, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ugrunda yhlasly işleýärler.