SAÝAT ETRABYNYŇ PAGTAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI

photo

Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar. 

Saýatly ekerançylaryň zähmetiniň netijeliligi köp babatda olaryň pagtany elde ýygmak bilen birlikde, häzirki zamanyň ýöriteleşdirilen tehnikalaryny hem üstünlikli ulanmagynyň netijesinde mümkin boldy. 

“Çekiç”, “Awçy” we “Bereket” daýhan birleşikleriniň ekerançylary pagta ýygymy möwsüminiň gahrymanlary boldular. Häzirki günde “Awçy” hojalygynyň ekerançylary döwlete “ak altynyň” 4,9 müň tonna golaýyny, şol sanda bellenilen möçberden artyk 280 tonna pagta tabşyrdylar. “Bereket” daýhan birleşiginiň pagtaçylary hasyl ýetişdirmek üçin bölünip berlen 1385 gektardan döwlet harmanyna 4 müň 735 tonna pagta tabşyryp, öz şertnamalaýyn borçnamalaryny 320 tonnadan gowrak artygy bilen berjaý etdiler. “Çekiç” daýhan birleşiginiň zähmetkeşleri 910 gektar meýdandan pagtanyň ortaça hasyllylygyny 35 sentnere çenli ýetirmegi başardylar. Bu bolsa olara 3 müň 350 tonna, şol sanda bellenen möçberden artyk 280 tonnadan gowrak pagta tabşyrmaga mümkinçilik berdi. 

Etrabyň ençeme tejribeli kärendeçileri möwsümde has ýokary netijeleri gazandylar. Olaryň arasynda “Bereket” daýhan birleşiginden G.Kerkiýew bar. Ol 3,8 gektar kärende ýerinden boldumly hasyl ýetişdirmegi başardy hem-de kabul ediş bölümlerine 25 tonnadan gowrak gymmatly çig maly tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny 2 essä golaý artygy bilen berjaý etdi. Kärendeçi M.Ýagmyrowa hem şeýle üstünlik bilen tapawutlandy. Ol 1 gektar meýdandan şertnamalaýyn borçnamasynda bellenilen 3,69 tonna derek “ak altynyň” 6,6 tonnasyny tabşyrdy. Kärendeçi B.Myradow 2 gektar kärende meýdanyndan döwlet harmanyna “ak altynyň” 11,2 tonnasyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyndan 3,8 tonna pagtany harmana artyk goşdy. 

Etrabyň pagta ýetişdirilen meýdanlarynda heniz hasyl köp. Şoňa görä-de, şertnamalaýyn borçnamalar berjaý edilenden soň hem möwsümiň depgini peselmeýär. Saýatly ekerançylar gymmatly hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen yhlasly zähmet çekýärler.