TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

photo

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mohammad Humaýun Kaýuminiň belleýşi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýärler. Bu strategiýa sebitde durnuklylygy we durnukly ösüşi saklamagyň ähmiýetli şerti bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we owgan kärdeşine salam ýollap, türkmen döwletiniň goňşy ýurt bilen däbe öwrülen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny hem-de onuň ykdysady we medeni taýdan galkynmagy üçin geljekde hem hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ulag we kommunikasiýalar, elektroenergetika hem-de beýleki birnäçe pudaklary görkezdiler. Bellenilişi ýaly, häzir halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-owgan toparynyň eýeleýän orny bellenildi, onuň mejlislerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça anyk ädimler kesgitlenilýär. 

Duşuşykda halkara giňişlikde Türkmenistanyň öňe sürýän ylalaşdyryjylyk başlangyçlarynyň Owganystan hem-de sebitiň ýurtlary üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar, ozaly bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoluny, şeýle hem Owganystana çekilýän elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, Mohammad Humaýun Kaýumi olaryň hakyky hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygynyň nyşany bolup durýandygyny belledi. 

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, OYR-nyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji öz ýurdunyň durnukly ösmegine berilýän giň goldaw we doganlyk raýdaşlygy üçin döwlet Baştutanymyza hem-de ähli türkmen halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Dostlukly döwletiň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, myhman belledi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamak, ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugratmak, kömegiň beýleki görnüşleri hem şol işleriň hataryna girýär. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekde-de dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň erk-islegine daýanyp has-da berkidiljekdigine we üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.