RESMI HABAR

Şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, senagat toplumynyň edara-kärhanalaryny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýerli çig maly netijeli peýdalanmak boýunça strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap önümçilikler gurulýar we ulanmaga berilýär. Degişli maksatnamalara laýyklykda, geljekde beýleki senagat desgalaryny gurmak hem göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi ýokary derejeli hünärli işgärleri taýýarlamak meselesiniň möhümdigini şertlendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenabat şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagynda, tehniki orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Türkmenistanyň Himiýa-tehnologiýa institutyny açmak barada teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze ýokary okuw mekdebini döretmek bilen bagly meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Bu gazylyp alynýan peýdaly magdanlara baý bolan sebitiň senagat pudagynyň sazlaşykly ösmegini nazara alanyňda, maksadalaýyk bolup durýar. Häzir senagatlaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda nebit hem-de gazhimiýa ýaly pudaklaryň önümçilik düzümini giňeltmek, Diýarymyzyň eýe bolan serişde we ykdysady kuwwatyny doly peýdalanmak, gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Täze institutda gerek bolan hünärler boýunça ýokary derejeli işgärleri, giň gözýetimli hem-de innowasion tehnologiýalardan, nou-haulardan baş çykarýan öz işiniň hakyky ussatlaryny taýýarlamak üçin zerur ähli zatlar göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we beýleki degişli ýolbaşçylara ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ulgamy has-da kämilleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.