ÜSTAŞYR WE ULAG HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN TOPARY DÖREDILER

Şu gün Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň wekiliýetiniň 30-njy oktýabrda Azerbaýjan Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk boldy, şonuň barşynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek hakynda teklip beýan edildi.
Duşuşygyň dowamynda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem ikitaraplaýyn iş duşuşyklary geçirilip, şolaryň çäklerinde iki ýurduň ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine we geljegine baha berildi hem-de üstaşyr ýükleri daşamak we logistika ulgamyny döretmek boýunça bilelikdäki hereketler barada teklipler aýdyldy. Nyrhlary kesgitlemek hem-de resminamalary düzmek, gümrük düzgün-kadalaryny amatlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmünde onuň derejesini şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ýurdumyz bu ugurda eýe bolan ägirt uly kuwwatyny netijeli amala aşyrmaga çalşyp, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistan işjeň hyzmatdaş hem-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr. Çünki Merkezi Aziýadan ugur alýan günbatar ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Lazurit halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Bu ýol ýurdumyzyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ulag ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, degişli meseleleri düýpli işlemek we öz wagtynda çözmek boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyny döretmek maksady bilen degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.