AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA DÜNÝÄ REKORDLARY GOÝULDY

photo

Aşgabat, 4-nji noýabr. Şu gün öňdäki gün ýaly medallaryň üç toplumynyň eýeleri kesgitlenildi.

Ilki bolup meýdança 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän erkekler çykdy. Çempion ady ugrunda Hytaýdan gelen iki türgeniň arasynda esasy bäsleşikler boldy. Olaryň ikisi hem ilkinji iki synanyşykda şowly çykyş etdiler, ýöne Minhao Huang 152 kilogram netije bilen öňe saýlandy, rekord goýmak üçin sargyt edilen üçünji synanyşyk onuň üçin şowly bolmady.

Lýujin Çen ildeşinden iki kilogram yzda barýardy, ýöne ol hem üçünji synanyşygy ýerine ýetirip bilmedi we netijede ikinji orun bilen oňmaly boldy. Julio Ruben Maýor (Wenesuela) 147 kilogram netije bilen bürünç medaly eýeledi.

Itekläp götermekde Lýujin Çen iň gowy netije görkezdi. Ilkinji synanyşykda ol 178 kilogram agramlygy göterdi. Emma özbek türgeni Doston Ýakubow ikinji synanyşykda 180 kilogram agramy göterip ondan öňe geçdi. Hytaýly türgen onuň çagyryşyna 182 kilogram agram bilen jogap berdi. Netijede D.Ýakubow kümüş medala mynasyp boldy. Bu görnüşde Lýujin Çen eýýäm çempion adyny almak bilen, dünýä rekordyny goýmak üçin 185 kilogram agramlygy sargyt etdi, emma ol oňa başartmady. Oskar Albeýro Figuerýe (Kolumbiýa) itekläp götermekde bürünç medaly eýeledi.

Şeýle-de bolsa Lýujin Çen iki görnüşiň jemi boýunça 322 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýmagy başardy, onuň ildeşi Minhao Huang kümüş medaly, Julio Ruben Maýor bolsa bürünç medaly eýelediler.

Zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde gyzykly ýagdaý emele geldi. Güýçli A toparyndaky bäsleşige B toparynyň ýeňijisi Ti Duen Hoang (Wýetnam) goşuldy, ol birden götermekde 103 kilogram agramy galdyrdy. A toparynyň türgenleriniň wezipesi bu görkezijiden ýokary geçmekdi. Bu diňe Hsing-Çun Kuo (Hytaý Taýbeýi) başartdy, şol bir wagtda ol birden götermekde dünýä rekordyny hem goýdy. Ol 105 kilogram agramlygy göterdi. Latwiýadan 20 ýaşly agyr atletikaçy Rebeka Koh 103 kilogramy göterip, goşmaça görkezijiler boýunça wýetnamly türgenden ejiz geldi, ol ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy.

Itekläp götermekde Hsing-Çun Kuo ikinji synanyşykda rekord goýmak üçin 132 kilogram agramlygy götermäge synanyşygy şowly bolmady. Hytaý Taýbeýinden gelen türgen üçünji synanyşykda rekordy goýan hem bolsa, altyn medalyň ykbalyny bäsdeşlerine galdyrdy, mundan HHR-den gelen Guiming Çen ýerlikli peýdalanyp, 133 kilogram netije bilen ýaňyja goýlan dünýä rekordyny hem täzeledi. Üçünji orny Ýaponiýadan 131 kilogram netije bilen Mikiko Andon eýeledi. Itekläp götermekde latwiýaly türgen baýrakly orna düşmegi başarmasa-da, 124 kilogram netije bilen ýaşlar dünýä rekordyny goýdy, jemi görkeziji boýunça 227 kilogram netije bilen ýene ýaşlar rekordyny goýup, üçünji orny eýeledi. Hsing-Çun Kuo jemi 237 kilogram görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy hem-de dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy, Guiming Çen ikinji orny eýeledi.

73 kilogram agram derejesinde erkekler medallar ugrunda bäsleşdiler. Bu agram derejede 18 ýaşly türkmenistanly türgen Maksat Meredow çykyş etdi. “B” toparda ol iň ýaş türgen boldy. Ýaşlygyna garamazdan Maksat tejribeli türgenlerden kem galmazlyga çalyşdy. Ilkinji iki synanyşygy şowly tamamlasa-da, munuň özi tejribeli türgenler bilen bäsleşmek üçin ýeterlik däldi. Şol bada hytaýly türgen Zong Şi öňe saýlandy. Birden götermekde ol iň ýakyn bäsdeşinden 8 kilogram öňe saýlanyp, şol bir wagtda iki gezek dünýä rekordyny täzeledi. Indi dünýä rekordy birden götermekde 164 kilograma deňdir. Wadzim Liharad (Belarus Respublikasy) kümüş medaly eýeledi. Hytaýly agyr atletikaçy Lýudong Feng üç synanyşygynyň ikisi şowsuz bolsa-da üçünji orny eýelemegi başardy.

Agyr atletikaçylaryň A toparynda itekläp götermekde B toparynda çykyş edýän Won Jon Sig bu görnüşde 194 kilogram netije bilen dünýä rekordyny goýdy. Muňa Zong Şi jogap bermegi başardy, ol dünýä rekordyny iki kilogram artdyrdy. Bu netije oňa özüniň dünýä rekordyny ýokarlandyrmaga hem-de görnüşleriň jemi boýunça 16 kilogram artdyryp, 360 kilogram netije bilen altyn medallaryň üçüsini hem eýelemäge mümkinçilik berdi. Won Jon Sig iki kümüş medala (itekläp götermekde we jemi boýunça) mynasyp boldy. Gazagystandan Nejad Rahymow itekläp götermekde bürünç medala, jemi görkeziji boýunça Wadzim Liharad hem kümüş medala eýe boldy.

Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty badalga alanyndan soň ilkinji günlerinde ajaýyp ýeňişlere, esasy zat bolsa rekordlara baý bolan ýaryşlar hökmünde agyr atletikanyň taryhyna girdi.

Ýaryşlaryň dört gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary üç medal — iki kümüş we bir bürünç medal gazandy.