DÜNÝÄ ÇEMPIONATY — 2018 TÄZE REKORDLAR BILEN BEGENDIRMEGINI DOWAM ETDIRÝÄR
Zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agramlyk derejesinde ýeňiji bolanlar hem kesgitlenildi. Häzire çenli çempionatda öňdeligi elden bermän gelýän aziýaly zenanlar bilen Rumyniýadan gelen Loredana-Ýelena Toma güýçli bäsleşip ugrady. Ýöne oňa 112 kilograma barabar bolan rekord agramyň hötdesinden gelmek başartmady. Şeýlelikde, çempion ady hytaýly Weý Denge miýesser ýetdi. Bürünç medaly bolsa Gazagystandan gelen türgen Karina Goriçewa aldy.
Itekläp götermekde hytaýly türgen zenana taý tapylmady. Ol ilkinji synanyşykda 135 kilogramy galdyryp bildi, munuň özi bolsa oňa jemde dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Soňra ol ýeten sepgidini ýene-de 3 kilogram artdyryp, sportuň bu görnüşinde we iki görnüşiň jeminde utdy. Üçünji synanyşyk hem şowly tamamlandy. Şeýlelikde, Weý Dengiň hasabyna üç altyn medal we dünýä rekordlarynyň üçüsi girdi (itekläp götermek — 140 kilogram, jem 252).
Tailanddan gelen Ratanawan Wamalun itekläp götermekde ikinji maşklaryň jeminde bolsa üçünji orny eýeledi. Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan gelen Un Sim Rim bolsa itekläp götermekde bürünç we jemde kümüş medallara mynasyp boldy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabynda, ozalkysy ýaly, iki kümüş we bir bürünç medal bar.
Hytaýdan gelen türgenleriň üstünlikli çykyşlary olara Tailandyň toparyny ozup geçip, umumy toparlaýyn hasapda iň öňden barmaga mümkinçilik berdi.
6-njy noýabrda zenanlaryň arasynda 71 kilograma we erkekleriň arasynda 89 kilograma çenli agramlyk derejesinde ýeňijiler kesgitleniler.