REJEPBAÝ REJEBOW DÖRDÜNJI ORNY EÝELEDI
Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.
Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk ştangany ýokary galdyran mahalynda onuň elinden sport enjamy sypdy. R.Rejebowyň hut şu agramlyk bilen meýdança üçünji gezekki çykyşy bolsa üstünlige beslendi.
Ýöne wakalaryň mundan beýläkki barşy düýpli ýeňiş gazanmak üçin täze dünýä rekordyny goýmagyň zerurdygyny görkezdi. Bu uly işiň hötdesinden gelmek 172 kilogramlyk agramy ilkinji bolup göteren hytaýly Sýaodžun Liua başartdy. Müsürli Mohamed Mahmud bolsa onuň ýeten sepgidini ýene-de 1 kilogram artdyrdy. Ýaşlaryň arasynda 168 kilograma barabar dünýä rekordyny goýan ýene bir hytaýly türgen Daýin Li bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmen türgeni itekläp götermekde we jemde hem baýrakly orna düşmek üçin dogumly göreşmegini dowam etdirdi. R.Rejebow meýdança iň soňkularyň hatarynda çykdy. Şol pursatda görkezijide dünýä rekordyndan 3 kilogram az bolan 203 kilogram ýazylgydy. Ýöne biziň türgenimize üstünlik ýar bolmady, oňa agramlygy bellige aldyrtmak başartmady. Jemi netije bolsa 197 kilograma barabar boldy. Bürünç medaly almaga bary-ýogy 3 kilogram ýetmedi.
Sportuň bu görnüşinde ýene-de ýaşlaryň arasynda 204 kilogram agramlykda dünýä rekordyny goýan Daýin Li ýeňiji boldy. Ikinji orna onuň ildeşi Sýaodžun Liu düşdi. Bürünç medal bolsa Mohamed Mahmuda miýesser etdi.
Iki görnüşiň jemi boýunça 374 kilograma barabar bolan täze dünýä rekordyny goýan Sýaodžun Liu çempion boldy. Kümüş medaly müsürli türgen aldy, üçünji baýraga bolsa ýaşlaryň arasynda 372 kilogramlyk dünýä rekordyny goýan Daýin Li mynasyp boldy. Türkmenistanly Rejepbaý Rejebow bolsa dördünji orny eýeledi.