DÖWLET BAŞTUTANYMYZ GARLYKDAKY KALIÝ KÄRHANASYNYŇ DOLY KUWWATYNDA IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEGI TABŞYRDY
Soňra göni aragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garlykdaky kaliý kärhanasynyň milli ykdysadyýetimiz üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belläp, bu kärhananyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmegi tabşyrdy. Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň işe girizilenine bir ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, bu önümçilik toplumy doly taslama kuwwatyna çykarylanok, onuň ýolbaşçylaryndan bolsa emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça hiç hili teklip gelip gowşanok.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüze çykan kemçilikleri doly seljermegi, bu toplumyň işi bilen baglanyşykly meseleleri oňyn çözmek üçin halkara arbitraža degişli resminamalary taýýar-lamagy we ýollamagy tabşyrdy.