TÜRKMENISTANDA «KITAPHANA GÜNI» DÖREDILER
Şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynda işleriň ýagdaýyny, şol sanda teatr toparlarynyň, kitaphanalaryň hem-de muzeýleriň işini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz golaýda Döwlet kitaphanasyna baryp görendigini aýdyp, kitabyň jemgyýetdäki ähmiýetini belledi. Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bahasyna ýetip bolmajak, pähim-paýhasyň çeşmesi bolan şeýle gymmatly hazynalar bolsa kitaphanalarda jemlenýär. Kitaphanalar ýurduň ýeten medeni-bilim derejesini, ilatyň ruhy-ahlak düşünjesiniň ösüşini görkezýär. Şoňa görä-de, biziň halkymyz bu gymmatlyklara hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana ulgamyny ösdürmegiň, kitap neşir etmegi kämilleşdirmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz kitaphanalaryň durmuşda eýeleýän ornuny göz öňünde tutup, soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ony hünärli işgärler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirdik, ýurdumyzda bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Mundan beýläk-de halkara kitaphana ulgamy arkaly kitaplary we beýleki neşir önümlerini alyşmak, okyjylaryň sanyny artdyrmak meselelerine aýratyn üns bermek, çagalar kitaphanalary, şeýle hem ýaşlar, aspirantlar we ylmy işgärler bilen alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek zerurdyr.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz etmekde kitaphanalara möhüm orun degişlidir we şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň pudaklarynda, aýratyn hem oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça olaryň işine üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda olaryň öňünde uly wezipäniň — Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy sanly ykdysadyýete geçen, dünýäde öňdebaryjy döwletleriň birine öwürmek wezipesi durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hepdäniň günleriniň birini «kitaphana güni» diýip yglan etmegi teklip etdi.