«РУБЕЖ» GÖZLEG TOPARY BEÝIK WATANÇYLYK URŞYNDA WEPAT BOLAN ESGER HALYÝ KALBYÝEWIŇ GARYNDAŞLARYNY GÖZLEÝÄR

Redaksiýamyza Russiýanyň «Рубеж» gözleg toparynyň wekili Polina Nikolaýewna Smirnowadan hat geldi, toparyň agzalary ýazky gözleg işleri wagty Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda wepat bolan iki esgeriň we bir şepagat uýasynyň süňklerini tapypdyrlar. 

Medalýony boýunça olaryň ikisiniňem Türkmenistandandygy anyklandy. Gulluga Daşhowuzdan (häzirki Daşoguzdan) çagyrylan Lutfilin Mutygyň garyndaşlary tapyldy. Ýöne Halyý Kalbyýewiň maşgalasy barada hiç hili maglumat ýok. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň arhiwiniň magluamtlaryna görä, Halyý Kalbyýew 1911-nji ýylda doglan, gulluga TSSR-iň Aşgabat şäher harby wekilligi tarapyndan çagyrylan bolmaly, soňky gulluk eden ýeri 150-nji aýratyn brigada. Onuň maşgalasy Botanika bagynyň töwereginde ýaşapdyr. Halyý Kalbyýewiň garyndaşlaryndan biri, zenan maşgala Kamal Hazybaýewanyň ady bize mälim. 

Biz parahatçylygyň we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna şirin janyny pida edenleriň ýagty ýadygärliginiň öňünde borçludyrys. Bu şu gün biz şol gahrymanlaryň biri-- Halyý Kalbyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. Hormatly okyjylar, belki siziň biriňiziň Kamal Hazybaýewanyň garyndaşlaryny gözläp tapmaga kömegiňiz deger. Biz islendik maglumat üçin minnetdar bolardyk. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň arhiwinden alnan maglumatlar: 

ID 51278257 
Familiýasy: Kalbyýew 
Ady: Halyý 
Doglan senesi/Ýaşy: “___”------“1911 
Doglan ýeri: Aşgabat ş. 
Gulluga çagyrylan ýeri: Türkmenistan SSR-i, Aşgabat oblasty, Aşgabat ş. Aşgabadyň ŞHW 
Soňky gulluk eden ýeri: 150-nji aýratyn brigada 
Harby çini: gyzyl esger 
Hasapdan çykarylmagynyň sebäbi: wepat bolan 
Hasapdan çykarylan wagty: 1942-nji ýylyň 19-njy awgusty 
Ilki jaýlanan ýeri: Smolensk oblasty, Karmanowo raýony, Karmanowo obasynyň demirgazygragy 
Maglumat alnan çeşme: GMMA 
Maglumat çeşmesiniň fondunyň belgisi: 58 
Maglumat çeşmesiniň ýazgysynyň belgisi: 818883 
Maglumat çeşmesiniň iş belgisi: 1690