TÜRKMENISTANDA ÝÖRITELEŞDIRILEN HALKARA FORUM GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat öz işine başlady. 

Bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, köpçülikleýin sporty ösdürmek we olimpiýa hereketini goramak, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Pakistandan, Malaýziýadan, Ýemenden, Polşadan, Slowakiýadan, Rumyniýadan, Mongoliýadan, Latwiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Moldowadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan hem-de beýleki döwletlerden Türkmenistana gelen wekiliýetleriň düzüminde daşary ýurtly myhmanlaryň ýüze golaýynyň bolmagy döwletimiziň halkara sport hereketini we bilimi ösdürmäge saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. 

Şu halkara serginiň we ylmy maslahatyň esasy maksady bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam bermekden hem-de bu babatda wajyp ugurlar bilen tanyşdyrmakdan, öňdebaryjy tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän peýdaly usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. 

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bilim hem-de sport ulgamlarynyň köp sanly işgärleri, hormatly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. 

Dabara ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda halkara forumyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, jemgyýetimiziň sagdynlygyny we ruhubelentligini üpjün etmegiň, hususan-da, adam maýasyny kemala getirmegiň esasy şerti hökmünde bilim hem-de sport ulgamlaryny milli we döwlet maksatnamalarynyň esasynda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. 

Bilim we sport ulgamlarynyň gazananlaryny birleşdiren däp bolan halkara sergi milletiň, ýurdumyzyň geljeginiň esaslaryny goýýan bu möhüm ugurlaryň sazlaşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Her ýyl geçirilýän sergileriň her biriniň özboluşly häsiýete eýedigini bellemelidiris. Şu ýyl bilim işini guramagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna hem-de usullaryna, bu ulgamlaryň bilermenleriniň we hünärmenleriniň işjeň halkara gatnaşyklary arkaly sport pudagyny ösdürmegiň serişdelerine aýratyn üns berildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli toplumlaýyn işler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň iri maýa goýum taslamalaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy üçin döredilen şertler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň, iri halkara sport guramalarynyň we ylym-bilim merkezleriniň hem-de işewür düzümleriniň sanynyň artmagyna ýardam etdi. 

Aşgabat şäheriniň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy döwletimiziň halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşandynyň ykrarnamasynyň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Bu çempionat şu ýylyň 1 — 10-njy noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirildi. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şu ýyl bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşy hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi guraldy. 

Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň meýdançalarynda ýerleşdirilen köpugurly sergide ýurdumyzyň degişli edaralarynyň we guramalarynyň diwarlyklarynda bilim hem-de sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler görkezilýär. Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ýokary netijeler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek we okuw mekdeplerini tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak, okuwa öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. 

Bölümleriň örän oýlanyşykly bezelmegi hem-de mahabatlar bu ýere gelýän köp sanly adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda okuw mekdepleriniň barlaghanalaryndaky döwrebap enjamlar, ýurdumyzda neşir edilýän dürli ylmy we okuw-usulyýet edebiýatlary, gollanmalar, ensiklopediýalar, sözlükler hem-de halkara talyplar olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we hormat hatlary görkezilýär. 

Bu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde ele alynýan hünärler hem-de okatmagyň döwrebap usullary barada giň maglumatlary almak bolýar. 

Häzirki döwürde talyplarymyzyň gyzykly taslamalaryň we ylmy işläp taýýarlamalaryň awtorlary bolup durýandygyny bellemelidiris. Bu ýerde görkezilýän dürli binagärlik desgalarynyň şekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkeziniň işläp taýýarlamalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň okuwçylarynyň işleri hem uly gyzyklanma döredýär. Şol işler bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bilim bermek işine maglumat tehnologiýalarynyň, okatmagyň täze usullarynyň hem-de maksatnamalarynyň giňden ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr. 

Diwarlyklaryň onlarçasy daşary ýurtlaryň bilim ulgamynyň kuwwatyny, esasy önüm öndürijileriň bilim ulgamynda uly islegden peýdalanýan kompýuterlerini we IT-tehnologiýalaryny, innowasion barlaghana enjamlaryny görkezýär. Kompýuter tehnikasynyň, programma üpjünçiliginiň täzelikleri, dürli enjamlar we beýleki abzallar ýaşlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Häzirki döwürde durmuşymyzy şol enjamlarsyz göz öňüne getirmek örän kyndyr. 

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we bilim merkezleriniň wekilleri, okuw edebiýatyny hem-de gollanmalaryny öndürijiler bar. 

Halkara serginiň beýleki bir mowzuklaýyn ugry sport bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmek arkaly görkezilýär. 

Sergide özüniň gazananlaryny görkezýänleriň hatarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy guramalary hem-de ýörite enjamlary, esbaplary we lybaslary öndürýän kompaniýalary, şeýle hem dürli federasiýalar we toparlar bar. Olarda tälim alýanlar serginiň açylyş dabarasynda ýörite maksatnama bilen çykyş etdiler. 

Gözden geçirilişde Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirilen döwründe täzelenen dünýä rekordlarynyň 72-si barada gürrüň berýän diwarlyga aýratyn ähmiýet berilýär. 

Türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki abraýly ýaryşlarda gazanan baýraklarynyň toplumy hem hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. 

Daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň — “Colambia Active sport” (Beýik Britaniýa), “JOMA” (Ispaniýa) kompaniýalarynyň diwarlyklarynda sport modasy bilen baglanyşykly ugurlar aýdyňlyk bilen görkezilýär. Bu ugur aýratyn hem ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklarynda öz beýanyny tapýar. Olar türkmen dokmasyndan taýýarlanylan, sport bilen meşgullanmak hem-de işjeň dynç almak üçin niýetlenen döwrebap we amatly lybaslaryň köp görnüşlerini hödürleýärler. 

Forumyň sergi meýdançasy duşuşyklaryň, gepleşikleriň geçirilýän, bilim we sport ulgamlarynda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulýan hem-de tejribe alyşmagyň ýerine öwrüldi. 

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda başlanan ylmy maslahat bu söhbetdeşlikleriň dowamyna öwrüldi. Bu maslahat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň bilim we sport ýaly ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy. 

Forumyň umumy mejlisinde uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta okuw mekdepleriniň hem-de sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki ynsanperwer taslamalaryny durmuşa geçirmek, wekiliýetleri alyşmak arkaly bu ulgamlarda özgertmelere gönükdirilen özara gatnaşyklaryň täze usullary we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahatyň bölümlerdäki mejlisleriniň işi ertir Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde dowam etdiriler. 

Foruma daşary ýurtlardan gatnaşýanlaryň paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen däp bolan duşuşyklary hem bilim we sport ulgamynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. 

Şeýlelikde, “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat Türkmenistanyň dünýäniň bitewi bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna, döwletimiziň sport edaralarynyň daşary ýurtlaryň degişli guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, bilim we sport ulgamlarynda gazanylanlaryň wagyz edilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň netijeli ulanmaklary üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegine ýardam edýän täsirli çärä öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere aýratyn üns berýär. 

Halkara forum 14-nji noýabrda öz işini tamamlar.