img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

RESMI HABARLAR

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Serdar Sähetgulyýewiç Meredow Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Soltanmyrat Hamydowiç Babajanow, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.