TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ ÝOKARY KOMISSARYNY KABUL ETDI

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry je­nap Lam­ber­to Zan­ni­ýe­ri ka­bul et­di.

Myh­man mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi hem-de ýüz­be-ýüz du­şu­şyk­da hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, ÝHHG-niň Türk­me­nis­tan bi­len äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de gi­ňelt­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­my­zyň ÝHHG bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny, soň­ky ýyl­lar­da bu hyz­mat­daş­ly­ga hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­len­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lan ýur­du­my­zyň umu­my­dün­ýä ösüş ýag­da­ýy­na oňyn tä­sir et­mä­ge gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny esa­sy ugur edin­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Lam­ber­to Zan­ni­ýe­re hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na gol­daw ber­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň äh­li ugur­la­ry, şol san­da sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, eko­lo­gi­ýa we yn­san­per­wer­lik gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Mil­li az­lyk­lar we ola­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na go­şu­lyş­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­duň äh­li ra­ýat­la­ry­nyň deň­hu­kuk­ly we pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şiň ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da de­mok­ra­tik esas­la­ry we adam hu­kuk­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň ha­ta­ryn­da ge­çen ýyl dö­re­di­len Adam hu­kuk­la­ry ba­ra­da­ky do­ly yg­ty­ýar­ly eda­ra mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň we de­giş­li Ka­nu­nyň esa­syn­da Türk­me­nis­tan­da ge­çen ýyl adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­liň — Ada­lat­çy­nyň we­zi­pe­si dö­re­dil­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­dä­ki ýag­daý ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň bel­leý­şi ýa­ly, Ýew­ro­pa­da howp­suz­lyk we hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär hem-de ony hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ýar. Mu­nuň özi se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly­ly­gyň mö­hüm şer­ti bol­mak bi­len, hä­zir­ki za­ma­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň de­ňe­çer çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da ýur­du­my­zyň iş­jeň or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Lam­ber­to Zan­ni­ýer Türk­me­nis­ta­nyň soň­ky ýyl­lar­da öňe sür­ýän bir­nä­çe mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň döw­re­bap gu­ra­ly­ny dö­ret­mä­ge, äh­lu­mu­my howp­suz­lyk bin­ýa­dy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy­ny we äh­mi­ýet­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hem-de ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry yn­san­per­wer ul­gam­da­ky, hu­su­san-da, ylym we bi­lim ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra peý­da­ly gat­na­şyk­la­ryň gel­jek­ki ugur­la­ry ha­kyn­da pi­kir alyş­dy­lar.

Myh­man Türk­me­nis­tan­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­lim ul­ga­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ösü­şi­ne oňyn ba­ha be­rip, bu ugur­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­mak bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­mak ha­kyn­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň dün­ýä yl­my­na çuň­ňur ara­laş­ma­gy, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni, mu­nuň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­di.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow we ÝHHG-niň Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Lam­ber­to Zan­ni­ýer bar bo­lan äh­li me­se­le­ler bo­ýun­ça mun­dan beý­läk-de öza­ra ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge bo­lan taý­ýar­ly­gy mä­lim et­di­ler.

Du­şu­şy­ga ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Drozd gat­naş­dy.