EDERMENLIGIŇ WE WATANÇYLYGYŇ MEKDEBI

Islendik ýurduň geljegi sazlaşykly ösen, sagdyn we watansöýüji ýaş nesil bolup durýar. Ýaragly Güýçlerde harby gulluk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn orun eýeleýär. “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gullugy 18 ýaşyna ýeten hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlaryň hemmesi geçmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goşuny döwrebaplaşdyrmak we özgertmek, onuň düzümlerini tutuş dünýäde Ýaragly Güýçlerine bildirilýän talaplara laýyk getirmek işine uly üns berýär. Çünki döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, asuda durmuşyny goramaly ykjam hem-de döwrebap harby bölümlere eýe bolmak, ýaş türkmenistanlylar üçin edermenligiň we watançylygyň mekdebi bolup gulluk etmek zerurlygyndan boşatmaýar.

Şu günler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlaryna güýzki çagyryş möwsüminiň dowam etmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçysy harby gulluga çagyrylýan ýaşlaryň jemlenýän bölümleriniň birine baryp, möwsümiň nähili geçýändigi bilen gyzyklandy.

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň erkek raýatlary 16 ýaşyna ýetenden soň, harby hasaba alynýar. Şu pursatdan başlap, ýetginjek lukmançylyk gözegçiliginde bolýar. Bu gözegçiligiň maksady saglykda islendik kemçilikleri ýüze çykarmak hem-de öz wagtynda bejeriş-sagaldyş çärelerini geçmäge ugratmak bolup durýar. Esasy maksat düýpli keselleriň beterlemegine ýol bermezlikden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň meselelerine, täze, döwrebap hassahanalaryň we şypahanalaryň açylmagyna aýratyn üns bermegi, beýleki tarapdan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport toplumlarynyň, stadionlaryň ýapyk we açyk sport meýdançalarynyň yzygiderli gurulmagy harby gulluga çagyrylýan ýaşlaryň saglygynyň ýylsaýyn ýokarlanýan görkezijilerinde öz beýanyny tapýar.

Bu barada welaýat harby gulluga çagyryş toparynyň düzümine girýän harby wekil maýor T.Jumaýew şeýle gürrüň berýär: “Ýygnanyşyk nokatlarynda şu ýylyň güýzki çagyryş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Raýatlar, harby gulluga gitmezinden ozal welaýat ýygnanyşyk nokadynda lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär hem-de toparlara bellenilip, harby gulluga çagyrylmaly edilen raýatlara çagyryş hatlary gowşurylýar. Şol sene-de bolsa, raýatlar welaýat ýygnanyşyk nokadyna jemlenýärler we harby bölümlerden gelen wekiller olary kabul edip, demir ýol menzilinde harby bölümlere dabaraly ýagdaýda ugradylýar”.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamynda geçirilýän syýasat hem ýaş türkmenistanlylaryň sagdynlygynda uly orun eýeleýär. Türgenleşik geçilýän toplumlardan hem-de çagalar meýdançalaryndan başlap, uly stadionlar we köpugurly sport toplumlary öz Watanynyň daýanjy bolmaga taýýar ýaş nesli beden we ruhy taýdan terbiýelemäge gönükdirilendir.

Ýaşlar çagyryş bölümine gelenden soň, geljekki harbylary garşylaýan serkerdäniň wezipesi olary hünär derejelerine, ukyp-başarnyklaryna laýyklykda, harby bölümler boýunça netijeli bölmekden ybarat bolýar.

Köplenç halatda harby gulluga çagyrylýan ýaşlaryň isleg-arzuwlarynyň nazara alynmagy bellärlikli ýagdaý bolup durýar. Eger ýetginjek mysal üçin, öz ykbalyny haýsydyr bir deňizçilik hünäri bilen baglamagy arzuw edýän bolsa, adatça, onuň islegi nazara alynýar.

Esgerler harby gullugy geçýän wagtynda harby hünärden başga-da, raýat hünärine ýa-da hünär derejesine eýe bolýarlar. Mysal üçin, Ýaragly Güýçleriň köp bölümlerinde harby gullukçylar toparlar boýunça — “B” we “C” toparyna degişli ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyna eýe bolmak üçin synag tabşyrýarlar hem-de özlerine geljekde zerur bolan degişli sürüjilik şahadatnamalaryny alýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, iki ýyl gullukdan soň, durmuşyny hünärli harby gulluk bilen baglamak isleýän ýaşlar üçin ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň, harby gulluga çagyrylan ýaşlar bolsa, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde serkerdeler bolup gulluk edip bilýärler.

Harby gulluga çagyrylan pursadyndan hem-da dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul edenlerinden soň, ýaşlar başlangyç harby we umumy goşun taýýarlygyny geçýärler. Ol meýdan toplanmalaryny, dürli synag okuwlaryny öz içine alýar.

Möhletli gulluk edýän esgerler goşunda gulluk wagty harby hünärlere, diňe durmuşda zerur bolan endiklere eýe bolmakdan başga-da, sport bilen meşgullanmak hem-de ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşmak mümkinçiligine hem eýe bolýarlar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine wekilçilik edýän türgenler sportuň köp sanly görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzümine girýärler.

Ýaş harby işgärleri taýýarlamaga, ýaşlary watançylyk we ruhy taýdan terbiýelemek işine şunuň ýaly çemeleşme bilen tanşyp, Türkmenistanyň geljeginiň ygtybarly ellerde, Watana bolan söýgüniň, hakyky gerçekler dostlugynyň we birek-birege gullugyň nämedigini bilýän adamlaryň elindedigine göz ýetirýärsiň.

Şol geljek Ýaragly Güýçleriň hatarynda iki ýyl gulluk edip, öz kakalarynyň we atalarynyň ornuna gelip, ata Watanynyň durmuşyny has-da gowulandyrmaga, zerur bolsa, gulluk döwri harby bölümlerde halypa-serkerdeleriň öwredişi ýaly, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny goramaga çalyşýan ýaşlaryň elindedir.