TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we bilim ulgamyny ösdürmek, oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen “Oguzhan” köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, yzygiderli sport bilen meşgullanmak adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz şunda türkmenistanlylara görelde bolup, sagdyn we işjeň durmuşyň artykmaçlyklaryny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp hem-de gün tertibini yglan edip, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de parlamentiň nobatdaky maslahatynda serediljek meseleler barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, täze kanunlaryň taslamalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlaryny hem-de milli Liderimiziň ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1-nji dekabrda geçiriljek nobatdaky maslahatynda “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň, şeýle hem aýry-aýry ugurlarda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge we umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesiniň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Olar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan möhüm wezipeleri hem-de umumy kabul edilen kadalary we halkara hukuk iş tejribesiniň ölçeglerini nazara almak bilen kämilleşdirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň esasy meselesine ünsi çekip, 2019-njy ýylyň Döwlet býujetini hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini, döwlet serişdeleriniň netijeli ulgamyny döretmek maksady bilen kabul edilýän bu esasy maliýe resminamasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, durmuş we beýleki ulgamlarda özgertmeleri ilerletmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga goýulýan maýalaryň netijeli özleşdirilmegine gönükdirilmelidigini belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda 6 — 7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ynsanperwer-medeni ulgamda ýöriteleşen bu abraýly guramanyň arasynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç hem-de Gadymy Nusaý galalary ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de “Görogly” şadessany girizildi. 

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna Köýtendagyň ekoulgamyny hem-de “Bathyz” döwlet goraghanasyny, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa türkmen halyçylyk sungatyny we ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. 

ÝUNESKO bilen bilelikde “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýylyň çäklerinde geçiriljek bu maslahatyň gün tertibi ady rowaýata öwrülen taryhy ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň arasynda köp taraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň gerimini öz içine alar. Maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat Beýannamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň öň ýanynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň “Ýüpek ýoly” atly ugry boýunça Utgaşdyryjy komitetiň bäşinji mejlisini we hünärmenleriň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere daşary ýurtlardan köp sanly wekiller gatnaşar. Mundan başga-da, ÝUNESKO tarapyndan guralan “Ýaşlaryň gözi bilen Beýik Ýüpek ýoly” atly halkara fotobäsleşigiň ýeňijileriniň işleriniň sergisi geçiriler. Şonuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň birnäçe ilçihanalarynyň taýýarlan kitaplarynyň we fotosuratlarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär. 

Myhmanlarymyz üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Onda Alp Arslan adyndaky milli drama teatryna baryp görmek bellenilýär, bu ýerde 6-njy dekabrda “Görogly we Agaýunus” eseriniň esasynda sahna oýnunyň görkezilişi bolar hem-de 7-nji dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda türkmen-awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň konserti berler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň abraýly halkara guramalar we ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny belläp, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtady. Şol hyzmatdaşlyk giň gerimli ugurlary öz içine alýar. 

Soňky ýyllarda däp bolan bu gatnaşyk hil taýdan täze derejä çykdy. Üstünlikli durmuşa geçirilen birnäçe bilelikdäki taslamalar şol gatnaşyklaryň netijeleridir. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň 2013 — 2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna hem-de 2017 — 2021-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň (CIGEPS) düzümine saýlanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň hem-de ÝUNESKO-nyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, dünýä taryhyndaky täsin ýagdaý hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň öwrenilmegine Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny nygtady. Asyrlaryň dowamynda ençeme döwletleri diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen hem baglanyşdyran bu transmilli ýol täze taryhy eýýamda-da öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ony täzeden dikeltmek boýunça ýurdumyzyň anyk başlangyçlary munuň şeýle bolmagy bilen şertlenendir. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak çäreleriň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, döwletleriň we halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa dekabr aýynda geçiriljek çärelere hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşi, şolara gabatlanyp açyljak medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. 

Dürli medeni çäreleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyla bagyşlanan medeni çäreleri geçirmegiň baý mazmunly maksatnamasyny sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek konsertler, guraljak teatr sahnalary, degişli sergiler we bäsleşikler, ylmy maslahatlar, sport ýaryşlary, baýramçylyk çäreleri düzer. Halkara forumlaryň hatarynda dekabr aýynyň birinji ongünlüginde geçirilmegi meýilleşdirilen “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara maslahat, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäreler bar. 

Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem bu baýramçylyga gabatlanyp, ýörite maslahat, “Merdana nesil — 2018” atly bäsleşigiň netijelerini jemlemek, fotosuratkeşleriň arasynda bu çärelere bagyşlanan sergiler, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabaralary geçiriler. 11-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka şäherinde, Gökdepe we Bäherden etraplarynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde durmuş-medeni maksatly binalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 

Täze ýyl baýramçylyk çäreleri “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl Baş arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralaryndan başlanar. Ýurdumyzyň estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şol wakalaryň biri bolar. Esasy dabaralar bolsa 31-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralyp, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň, şol günleriň gahrymanlary — Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçiriler. Şeýle hem dekabrda iri sport çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol çäreler diňe paýtagtymyzda däl-de, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýatdan çykmajak we gyzykly çärelere öwrülip, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, iň gowy milli däplerimiziň beýany bolmalydyr. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny baýlaşdyrjak halkara çäreleri we maslahatlary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görlüşine ünsi çekip, şolary geçirmek bilen bagly çäreleriň — çeper bezelişinden çykyşlaryň baý mazmunly ýerine ýetirilişine çenli ähli meselelere jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi türkmen toýuna mahsus bolup, hemmelere, ilkinji nobatda, çagalara şatlyk-şagalaň hem-de ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş bermelidir. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylan işler barada hasabat berip, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň taýýarlanan taslamasy barada habar berdi. 

Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär. 

Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyr — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyr — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyr — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtady. 

Milli Liderimiz Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere ony yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Gaýtadan işleýän tehnologik desgalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, eksport edilýän nebit önümleriniň mukdaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berildi. 

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy hakynda hasabat berdi. Şolaryň hatarynda ylmy-amaly maslahat, konsertler, pudagyň zähmetde aýratyn tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabarasy bar. 

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly orun eýeleýändigini, şunuň bilen baglylykda, onuň düzümini has-da döwrebaplaşdyrmagyň hem-de topluma degişli önümçilikleri tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmagyň, uglewodorod çig malyndan öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. 

Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary, döwrebap tehnikalary peýdalanmak energetika pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini degişli derejede geçirmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk serişdeleri senagatynda innowasion önümçilik düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Pudagy ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga uly maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda kärhanalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň görnüşleri artýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen köp gurluşly senagatyň, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga esaslanýan önümçiligiň bolmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagy üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi. 

Gaýtadan işleýän pudaklaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň strategiýasynda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara möhüm ornuň berilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze bilelikdäki kärhanalary döretmegiň hasabyna gurluşyk senagatynyň önümçilik düzümini giňeltmek boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy hem-de degişli görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi barada hasabat berdi. Agrotehniki kadalara laýyklykda güýzlük bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda kadaly gögeriş alnan maýsalara ilkinji ösüş suwy tutulýar, azotly dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy dowam edýär. Ähli ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär, gymmatly çig maly pagta kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ibermek üpjün edilýär. Şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin oba hojalyk öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär. 

Geljek ýyldan başlap, gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge hususy önüm öndürijiler hem girişer. Häzirki wagtda alymlar hem-de tejribeli oba hojalyk hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini çözmek bilen, öňdebaryjy ylmy tejribäni we hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak meseleleri boýunça ýerlerde maslahatlary geçirýärler. 

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binalaryny gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny özgertmek, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de takyk utgaşykly hereketleriň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg edilende, ähli agrotehniki talaplaryň dogry berjaý edilmeginiň wajypdygyny, munuň bolsa geljek ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen “ak altynyň” doly ýygnalyp alynmagyna ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyz ady agzalan welaýatlarda «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň üçüsini gurmak hakyndaky Karary makullap we oňa gol çekip, wise-premýere bu taslamalary durmuşa geçirmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze binagärlik toplumlary gurlanda, döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylmalydyr. Işleriň hiline, özboluşly milli öwüşginler bilen ajaýyp derejede bezelişine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidir. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik döredijilik sergisini geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hem-de innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we bu ulgamda dünýäniň iň oňat tejribesini işjeň ornaşdyrylmaga gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň esasy ugry halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, şäherçelerinde we obalarynda alnyp barylýan dürli desgalaryň gurluşyklary munuň ajaýyp subutnamasydyr. 

Çäre şähergurluşyk, binagärlik hem-de häzirki zaman Türkmenistanda şäher düzümini kemala getirmek babatda gazanylan üstünlikleri, toplanan tejribäni hem-de geljekki mümkinçiligi görkezmäge gönükdirilendir. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça iň oňat binagärlik taslamalary ugrunda bäsleşigi geçirmek maksat edinilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle çäreleriň ýurdumyzda işewür gatnaşyklary giňeltmäge, tejribe alyşmaga we Watanymyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze innowasion taslamalary taýýarlamaga gönükdirmelidigini belledi. Sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna dürli pudaklaryň goşýan goşandyny doly derejede görkezmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Nusgawy ýörelgeleri, milli däpleri we täze tehnologiýalary utgaşdyrmaly gurluşyk taslamalarynyň meýilleşdirilen mahaly olara dessine ýaşyl zolaklary we seýilgähleri döretmegiň goşulmalydygyny, çünki paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolmagynda galýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz sergä ýaş binagär-hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny çekmegiň zerurdygyny belledi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň bazarlaryny ilatyň isleg bildirýän köp dürli harytlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, ýurdumyzyň önüm öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Söwda dükanlary azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýär. 

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Baş arçalaryny gurnamak üçin ter arçalary getirmek işleri alnyp barylýar. Guramalaryň buýurmalary boýunça we erkin söwdada ýerleniljek Täze ýyl sowgatlary taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk göçme söwda bölümlerini guramak göz öňünde tutuldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, söwda toplumyndaky wezipelere ünsi çekip, wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek, içerki we daşarky bazarlaryň islegini öwrenmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary M.Çakyýew 28-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ulag maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

Maslahatyň işine 370-den gowrak wekil gatnaşyp, şolaryň hatarynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleri, pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, bilermenler, maýadarlar, abraýly halkara guramalaryň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we ýük daşaýjy kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boldy. 

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň dürli halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň amala aşyrylmagyna goşýan goşandy babatda şolaryň ösdürilişine örän uly üns berildi. Maslahatyň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Ol çäklerinden «Lazurit» geçelgesi geçýän döwletleriň ulag ulgamynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegine gönükdirilendir. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna tanyşlyk gezelenji guraldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bäştaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde geçirilen maslahatyň «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrülendigini nygtady. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňizleri, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder. 

Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, sebitleýin multimodal ýük daşalyşynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleriniň döredilmegine ýardam berýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilmeginde hem-de netijeli ulanylmagynda örän uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Awtomobil ulaglary ministrliginde pudagyň düzümleýin binýadynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ulaglary bilen yzygiderli üpjün edilýändigine garamazdan, ýolagçy awtobuslarynyň hereketini tertipleşdirmek, ýolagçylara edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak babatda işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak, ilata edilýän hyzmatyň hilini has-da gowulandyrmak babatda zerur çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” gullugynyň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyny belläp, bu düzümleriň kuwwatyndan doly derejede peýdalanmak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Bu konsepsiýa maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, bilim edaralaryna berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen Internet arkaly uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň milli we halkara ölçeglere, häzirki zaman maglumatlar jemgyýetiniň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli bilim almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidigini belledi. Bu bolsa raýatlary goşmaça we yzygiderli bilim almaga, uzak aralykdan bilim almak usullarynyň kömegi bilen hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga höweslendirer. 

Döwlet Baştutanymyz konsepsiýany kämilleşdirmek hem-de ony öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda durmuşa geçirmek boýunça ähli guramaçylyk meselelerini düýpli işlemegi tabşyrdy. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete hem-de beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer. 

Döwlet Baştutanymyz geljekde öz işiniň ussatlary bolup ýetişmegi üçin okuw döwründe çagalaryň zehinlerine we ukyplaryna görä, olary geljekki hünärlerini saýlap almaga ugrukdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bilim bermek işine täzeden seretmek, şonuň esasynda netijeli dünýä tejribesini we usullaryny peýdalanmak boýunça toplumlaýyn işleri geçirmegi, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyryp, munuň üçin ýörite okuw-usulyýet merkeziniň zerurdygyny belledi. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýurdumyzyň durmuşyna degişli, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini belledi. Bu meseleleriň oňyn çözülmeginiň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin uly ähmiýeti bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we hemmelere jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.