TÜRKMEN PARLAMENTI 2019-NJY ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETINI KABUL ETDI

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahaty boldy, onda birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky” Kararynyň taslamalary hödürlendi.

Mälim bolşy ýaly, sentýabr aýynda geçen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça esasy ugurlar barada aýdyp, pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, halkara we sebit ähmiýeti giň möçberli we aýratyn iri möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysadyýetiň durnukly ýokary ösüşini saklamagyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň baş maksady bolup durýandygyny belledi.

2019-njy ýylda durmuş syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçilikleriniň ösüşi üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler, milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy, medeniýeti we sporty mundan beýläk-de ösdürmek bu ugurdaky möhüm meseleler bolup durýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz aýlyk haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny yzygiderli köpeltmek arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň wajyp wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Döwletimiz tarapyndan eneligi we çagalygy goramak boýunça zerur çäreler amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberleri Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 75-80 göteriminden az bolmaly däldir.

Şunlukda, Mejlisiň bu gezekki maslahatynda ýurdumyzyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamagyň esasy ýörelgeleri we oňa bolan çemeleşmeler barada aýdyp, çykyş edenler onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklaryna, ykdysady, medeni we durmuş ösüşi babatda geljek ýylda göz öňünde tutulýan görkezijilere aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, bu maliýe-hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça ähli pudaklara seljeriş işleri geçirildi, döwlet Baştutanynyň aýdan bellikleri we anyk teklipleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83868,3 million manat möçberde bolar. Býujetiň girdejiler bölegi nebitgaz, himiýa, elektroenergetika we gurluşyk we beýlekiler ýaly wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüler. Obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudagy, dokma we azyk senagaty sazlaşykly ösüşe eýe bolar. Giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň we eksport harytlarynyň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi býujetiň girdejileriniň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.

Ozal bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamyna, jemagat hojalygy pudagyna gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň baş maliýe resminamasynyň asylly däbe görä durmuş ulgamyna eýerýändiginiň we ilatyň ýokary abadançylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Giň möçberli milli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şol sanda obalary özgertmek, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmak, medeni-durmuş, senagat we ulag-aragatnaşyk maksatly wajyp desgalary gurmak üçin ägirt uly maýa goýum serişdelerini goýbermek göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, işgärleriň aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýjiler haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak üçin serişdeler meýilleşdirildi.

“Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky” Kanunyny Mejlisiň deputatlary biragyzdan kabul etdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakyndaky” Kararyny kabul etmek üçin biragyzdan ses berdiler.