TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 41-nji Prezidenti Jorj Gerbert Uoker Buşuň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.

Hatda bellenilişi ýaly, Jorj Gerbert Uoker Buş görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abadançylygy hem-de onuň halkynyň bagtyýar durmuşy ugrunda örän uly işleri bitirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, şeýle hem Amerikanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.