MILLI LIDERIMIZ AHALTEKE ATÇYLYK TOPLUMYNA BARDY

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy. 

Türkmenistanyň özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän gyş paslynyň ilkinji pursatlary ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Ahalteke bedewleriniň ýanynda bu has-da ýiti duýulýar, olar tebigatyň sazlaşygyny, onuň gujur beriji güýjüni alamatlandyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem belentden wasp edilmegine mynasyp behişdi bedewleriň wagyz edilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň öz döredijiliginde ýurdumyzyň taryhyna, şol sanda döwletimiziň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly wakalara aýratyn orun berýändigi hemmelere mälimdir. Munuň özi milli Liderimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň tamamlanýan günlerinde atçylyk toplumyna baryp görmegi, bir tarapdan, halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýan bolsa, ikinji tarapdan, dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan eziz Watanymyzyň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda häzirki döwürde olaryň ösdürilýändigini we baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orny eýeleýär. 

Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, özüne sowgat berlen Şapolat atly bedewi degişli at esbaplary bilen bezedi, oňa ideg etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz bedewi athanadan çykaryp, dag ösümlikleriniň hoşboý ysyna dolan arassa howada gezim etdi. Bedew döwlet Baştutanymyzyň her bir hereketine boýun boldy hem-de şol bir wagtda özüni erkin alyp bardy. Şeýle pursatlarda ynsan bilen bedewiň arasynda köp asyrlaryň dowamynda emele gelen içki ruhy baglanyşygyň ähmiýetine göz ýetirýärsiň, bu baglanyşyk häzirki wagtda türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmeginiň täze tapgyrynyň esasy bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de gönüden-göni ýolbaşçylygy bilen Türkmenistan bu ulgamda iri halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan abraýly daşary ýurt guramalarynyň wekilleri, belli atşynaslar hem-de pudagyň hünärmenleri şöhratly bedewleriň watanyna gelip, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar. Şeýle çäreler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenilýän günlerde has-da giňden geçirilýär. 

Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri emele getirýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, olaryň çalasynlygy, wepadarlygy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy. 

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň bedewlere bolan çäksiz sarpasyny tutuş durky bilen kabul edip, bedewleriň ahalteke tohumynyň abraýyny we şöhratyny artdyrmak, ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we Ýer ýüzünde wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry derejesine çykardy. 

Milli Liderimiz Şapolat bilen gezelenjini tamamlap, atşynaslyk sungatyna laýyklykda bedewiň ýagdaýyny, hususan-da, onuň aýaklaryny synlady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze eseri ýazmaga girişdi. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de milli Liderimiziň türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty mirasyny wagyz etmek baradaky aladasy netijesinde häzirki wagtda has-da belende göterilýär. 

Öz döredijiliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerine aýratyn üns berýär, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, olar taryhyň dürli döwürlerinde ýylýazgyçylaryň hem, öz ykbalyny çeper döredijilik bilen baglan şahyrlaryň we beýleki adamlaryň hem, hanlaryň, şalaryň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň imperatorlarynyň hem uly gyzyklanmasyna eýe bolupdyr. 

Döwlet Baştutanymyz wagt tapyp, ylmy we çeper döredijilik işini dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde Türkmenistanda tebigatyň döreden bu täsin ajaýyplygyna nähili söýgi bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Milli Liderimiz eseri ýazýan wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere salgylanýar, ahalteke bedewleriniň haýran galdyryjy we baý taryhyny içgin öwrenýär, rowaýata öwrülen bedewleri kemala getiren seýisleriň tejribelerini seljerýär, şol döwürleriň ýagdaýyny hem-de mahsus bolan aýratynlyklaryny gaýtadan dikeldýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň has gymmatly hem-de ygtybarly bolmagyny üpjün edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerine, milli medeniýetimize, türkmen tebigatyna hem-de halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan täze eserleri döretmek bilen, taryhy maglumatlara, biziň günlerimize çenli gelip ýeten senenama maglumatlaryna we ýylýazgylaryna esaslanýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär. 

Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. 

Hormatly Prezidentimiziň ylhamy bilen türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi wasp edýän ajaýyp eserler döredi. Ol eserleriň döredilmegindäki ylmy çemeleşme hem-de beýan etmegiň çeperçiligi milli Liderimiziň döredijilik dünýäsiniň esasyny düzýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň döreden ruhy gymmatlyklaryna, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna, milli taryhymyza bolan söýgüsini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň ylmy we edebi işlerinde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Olarda awtoryň milli ýörelgelere bolan çuňňur bilimi, bu ugra degişli halk döredijiliginde öz beýanyny tapan milletiň paýhasy aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir täze eseri milli medeni mirasymyzy wagyz etmekde, ahalteke bedewleriniň ähmiýetini artdyrmakda aýratyn möhümdir. 

Milli Liderimiziň däp-dessurlarymyza, baý taryhymyza, behişdi bedewlerimize we türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklaryna, milletiň taryhyna hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan, ýazmaga girişen nobatdaky täze eseri täsin ahalteke bedewini kemala getirmegi başaran türkmen halkynyň döredijilik zehinini doly açyp görkezer. 

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de asyrlaryň, nesilleriň we ýeňişleriň, zähmetiň, ruhubelentligiň sazlaşygyny hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, Berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.