TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredildi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer hasabat döwründäki makroykdysady görkezijiler barada aýtdy hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberi, bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkezijiler ýokarlandy. 

Ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 17,9 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 16,9 milliard manada deň boldy. Döwlet edaralarynyň we hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň işgärleriniň aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

Seredilýän döwürde rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda durmuş ähmiýetli desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz göz öňünde tutulan ähli desgalaryň ýylyň ahyryna çenli ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmelidigini nygtap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi hem-de bu ugurda edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde hasabat berilmelidigini aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ugratmak, nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda habar berildi. 

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň barşy hakynda hasabat berildi. Onuň gurluşygy tassyklanan tertibe laýyklykda alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň netijeliligini artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudaga maýa goýumlaryny çekmek, ýolbaşçy işgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça meselelere uly üns berilmelidir. 

Wise-premýere geljegi uly bolan meýdanlary özleşdirmegi çaltlandyrmak, nebit çykarylyşyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri talabalaýyk guramak barada anyk görkezmeler berildi. 

Şeýle hem milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň ekilmegi teklip edilýän meýdanlary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” degişli üýtgetmeleri girizmek baradaky teklip hödürlenildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri geljek ýylyň ýokary hasylyny üpjün etmäge taýýarlyk görmek bilen, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň üstünde köp işlemelidir diýip belledi. 

Häzirki döwürde bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök-bakja ekinleriniň we miweleriň geljek ýyldaky hasylynyň düýbi tutulýar. Şoňa görä-de, ähli agrotehniki kadalaryň geçirilişine, aýratyn-da, akabalaryň we ýaplaryň arassalanyşyna berk gözegçilik etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem wise-premýere oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak tabşyryldy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we senagat pudagynyň kärhanalarynyň meýilnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň senagat toplumynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunlukda, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini köpeltmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýle hem wise-premýer senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň senagat taýdan ösüş strategiýasynda, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda gaýtadan işleýän senagaty çalt depginler bilen ösdürmäge möhüm ornuň degişlidigini belledi. Munuň üçin ähli mümkinçilikler — baý tebigy çig-mal serişdeleri, innowasion esasda döredilen kuwwatly önümçilik-tehnologik düzüm, artýan işgärler kuwwaty bar. Olardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. 

Milli Liderimiz senagat pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary üçin görelde bolmalydygyny aýdyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini hem-de bäsdeşlige ukyply ýokary hilli türkmen harytlarynyň eksportynyň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli çäreleri görmegi talap etdi. 

Ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň innowasiýa taýdan ösdürilmeginiň bellenilen meýilnamalaryny we taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, milli Liderimiz ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň mümkinçilikleriniň ýeterlik peýdalanylmaýandygyny belläp, ýurdumyzyň senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradowa soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek, awtoulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, şol sanda halkalaýyn energetika ulgamyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalary Täze ýyla çenli doly ulanmaga bermek üçin zerur bolan ähli tagallalary etmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Geljek ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň üstünde işlemek, olary kesgitlemek zerurdyr. Taslamalar taýýarlanylanda hem-de gurluşyk işleri alnyp barlanda döwrebap usullary ulanmak we degişli hasabatlary öz wagtynda bermek möhümdir. 

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, täze şäherçeleridir obalary gurmagy hem dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda gurluşyk işleriniň Ahal welaýatynda eýýäm alnyp barylýandygyny belläp, Lebap welaýatynda hem ähli zerur üpjünçilik ulgamlary bolan dört sany täze şäherçäni gurmagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň energetika halkasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýer D.Amangeldiýewe ýagdaýy seljermegi hem-de bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Wise-premýer Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň görkezijileri bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, umumy haryt dolanyşygynyň we öndürilen önümleriň oňyn ösüş depgini saklanýar. 

Döwlet Baştutanymyz bazarlaryň we dükanlaryň dürli görnüşli harytlar bilen doly üpjün edilişine, olaryň bahalaryna berk gözegçilik etmek boýunça tabşyryklary berdi. Öňde Täze ýyl baýramçylygy bar, şoňa görä-de ilatymyz islän harydyny geregiçe alyp biler ýaly şertleri üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Daşyndan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürip, öz önümlerimiziň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa wise-premýer G.Myradow bilen bilelikde harytlaryň eksport we import edilýän möçberlerini seljermegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ulag we aragatnaşyk toplumlarynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň meýilnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň kärhanalarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi. Hususan-da, Demir ýol ulaglary we Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, “Türkmenhowaýollary” gullugynda, şeýle hem Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda ýolagçy gatnatmak, ýük daşamak boýunça bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmek meselelerine ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, işiň täze görnüşlerini gözlemegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebit we yklym üsti ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlary kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döretmegi talap edýär. Şunlukda, bu düzümleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýeti bolan çözgütler kabul edilmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag ulgamynda amala aşyrylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, hususan-da, bu toplumyň düzümleriniň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy ugrunda zerur işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, olara dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Bu döwürde dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan çykyşlar we aýdym-sazly dabaralar guraldy. Türkmenistanda dostlukly döwletleriň medeniýet günleri hem-de ýurdumyzyň daşary ýurtlarda medeniýet günleri geçirildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde birnäçe medeni çäreler guraldy. 

Şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan işleri barada habar berildi. Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň hem-de Syýahatçylyk ýolbeletleriniň birleşikleriniň bütindünýä federasiýasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda täze açylan ugurlarda syýahatçylyk ýolbeletlerini taýýarlamak boýunça okuwlaryň ikinji tapgyry geçirildi. 

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan meýilnama 133,2 göterim ýerine ýetirildi. Aşgabat şäherinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty geçirildi. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri daşary döwletleriň birnäçesinde iş saparynda bolup, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli çärelere, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady. Ýurdumyzda medeniýeti ösdürmek üçin degişli düzümler hem-de düýpli maddy-enjamlaýyn üpjünçilik binýady döredildi, onuň mümkinçilikleri doly möçberde peýdalanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, paýtagtymyzda hem-de ähli welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çärelerini, şol sanda çagalar we uly adamlar üçin şowhunly tomaşa çärelerini we sahna eserlerini ýokary derejede gurap, köpräk taýýarlamaly diýip, tabşyryk berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, olary ösdürmek boýunça görlen çäreler, şeýle hem şol ugurlarda gazanylan netijeler barada habar berildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi, şu maksat bilen geljek ýylyň Döwlet býujetinde ýene-de köp möçberde serişdeler göz öňünde tutuldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara standartlara laýyklykda, ykdysadyýetimizde başlanan uly özgertmeler, sanly ykdysadyýete geçilmegi, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagaty häzirki döwürde mekdep uçurymlarymyzdan diňe bir hünär boýunça endikleri däl-de, eýsem, beýleki bilimlere eýe bolmagy talap edýär. 

Häzirki döwürde mekdep uçurymlary dürli ugurlardan taýýarlykly bolmalydyr, olar söze çeperlik sungatyndan, saz gurallaryndan baş çykaryp, sportuň aýry-aýry görnüşleri bilen meşgullanmalydyr. Bu bolsa biziň çagalarymyzyň durmuşda öz ýoluny dogry saýlap almagyny ýeňilleşdirer. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu mesele boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň on bir aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat berdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar. Şunlukda, ýurdumyz bilen dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Hasabat döwründe dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň işewür düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda degişli gepleşikleriň geçirilendigini belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda bilelikde amala aşyrylýan işleriň netijeleri barada habar berdi. 

Hasabat döwründe hyzmatdaş ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ileri tutulýan ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy, şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklara, şol sanda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, ÝB-niň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleriniň esasy orunda durýandygy nygtaldy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine meýilleşdirilen halkara çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda degişli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. 

Milli Liderimiz netijeli halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen halkara derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada habar berdi. 

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen hem-de döwletara gatnaşyklary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam edýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işini işjeňleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz şu ýylyň on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşiniň netijelerini jemläp, döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy meseleleri barada durup geçdi hem-de öňümizdäki ýyl çözüljek wajyp wezipelere ünsi çekdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris. 

Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çaklamalara görä, 6,2 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artyp, häzirki döwürde 65 göterime barabar boldy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet býujetine gelip gowuşýan serişdeler bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bellenen tertibe laýyklykda tölenýär. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanylmaga berildi. 

Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 51 göterim artyp, çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy. 

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň hasabyna dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Bu ugurda bar bolan köp serişdelerimizi we uly mümkinçiliklerimizi göz öňünde tutup işlemeli. 

Umuman, biz on bir aýyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Biz, 2019-njy ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr. 

Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmaly. Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewür başlangyçlary höweslendirmekden ybaratdyr. Bu bolsa özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara ajaýyp mümkinçilikdir. 

Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa we Hökümetiň beýleki agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine häzirden düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan netijeleri seljermek, ýol berlen kemçiliklere seretmek, haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitlemek möhümdir we degişli teklipleri, şol sanda ýolbaşçy işgärler baradaky teklipleri taýýarlamak wajypdyr. 

Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde biz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň täze ykdysady nusgasynyň maksatnamasyny kabul etmelidiris. Bu maksatnama ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düzüm üýtgetmeleriniň esasyny goýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşini has ýokary derejä çykarar, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň her bir orunbasary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçysy öz baştutanlyk edýän pudaklaryndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklamalydyr. Kabul edilen maksatnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny, esasan hem, haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini anyk bilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri artygy bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň mukaddes borjudyr. Biz näçe netijeli işlesek, näçe köp işleri bitirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, Garaşsyz döwletimiziň abraýy has-da ýokarlanar diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, şu gün ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy. Bu meseleleriň oňyn çözülmeginiň Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin uly ähmiýeti bolar diýip nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine eziz Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.