HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. 

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde däp bolan netijeli gatnaşyklara ygrarlydyr. Oňa agza döwletler bilen ýurdumyzy öňden gelýän hoşniýetli we ysnyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. 

Bu ugurda biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Türkmenistan sebit hem-de halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, GDA-nyň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda giň we netijeli gatnaşyklary ösdürmek işine saldamly goşant goşýar. 

Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi bilelikdäki işe täze itergi bermäge mümkinçilik berdi. 

Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk wezipesini öz üstüne almak bilen, mundan beýläk-de däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi. 

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi GDA-nyň esasy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylar we ozal kabul edilen halkara ylalaşyklary we çözgütleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň gün tertibini baýlaşdyrmaga gönükdiriler. 

Türkmenistan Arkalaşygyň yzygiderli ösmegi, halklaryň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy üçin deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak esasynda agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny we özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýar. 

Döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, GDA-nyň halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak üçin şertleri döretmek Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Energetika, ulag we aragatnaşyk GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ulgamlary hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. 

Ýurdumyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda 2019-njy ýylda geçiriljek mejlisine eýýämden taýýarlyk görlüp başlandy. Ýurdumyz möhüm goşulyşmak çärelerini höweslendirmäge taýýardygyny hemişe tassyklaýar. Türkmenistanda GDA-nyň işi bilen baglanyşykly, şol sanda pudaklaýyn kooperasiýa, ynsanperwer hyzmatdaşlyga degişli iri çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. 2012-nji ýylda Mary şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen bolsa, 2016-njy ýylda bu hormatly wezipe Daşoguz şäheriniň paýyna düşdi. 

...Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Şol ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. 

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana tarap ugrady, şu gün şol ýerde Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi. 

Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikola Paşinýanyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem giňişleýin düzümdäki mejlisde ÝewrAzES-niň ýanynda synçy ýurduň Baştutany hökmünde Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon boldy. 

Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşi — bu Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýokary edarasydyr, ony döretmek barada 2014-nji ýylda gol çekildi. Birleşigiň esasy maksatlary agza döwletleriň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň bähbidine şol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, harytlaryň, hyzmatlaryň, düýpli maýalaryň we zähmet serişdeleriniň bitewi bazarynyň kemala gelmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şu duşuşygyň gün tertibine ulgamlaýyn tehnologiýalary ösdürmek, sanly ykdysadyýeti, gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň umumy bazarlaryny kadalaşdyrmak we beýleki meseleler girizildi. 

B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli we hoşniýetli garşylaýar. 

Şeýle hem bu ýere GDA agza döwletleriň beýleki Baştutanlary — Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gelýärler. 

Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan hem-de Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, duşuşyga gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan resmi däl günortanlyk nahara çagyryldy. 

Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Potýomkin köçesinde, Tawriçeskiý bagynyň öňündäki taryhy binada ýerleşen “Leningrad Merkezi” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde myhmanlara şeýle hem şüweleňli maksatnama teklip edildi. 

Resmi däl ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletleriň ýolbaşçylary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. 

GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibinde köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejesindäki ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesi durýar. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Bulardan başga-da, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi. 

Ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanlary şu gezekki resmi däl sammitiň mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamak üçin badalga nokady boljakdygyna biragyzdan ynam bildirdiler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal hem ençeme gezek belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu ulgamda hereket etmegiň orta möhletli maksatnamasynyň esasynda köptaraply yzygiderli syýasy geňeşmeleriň netijeli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagy wajyp hasaplaýar. 

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ulgamynda BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen gatnaşyklara, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga aýratyn orun berýär. Ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsirini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. 

Söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistanyň tagallalary bilelikdäki işe täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly usullaryny gözlemäge, köptaraply gatnaşyklaryň anyk ulgamlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezýär. Bu babatda ýurdumyz tarapyndan Arkalaşygyň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly tejribesi toplanyldy, iň täze maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak bilen, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň biri hasaplanylýar. 

GDA-da 2019-njy ýylyň Kitap ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýaş nesli çeper edebiýata çekmäge, kitap sergilerini guramaga gönükdirilen medeni — aň-bilim çärelerini geçirmäge bagyşlanan işleri amala aşyrmaga aýratyn üns berler. 

Milli Liderimiziň bellemegine görä, medeni hyzmatdaşlyk halklaryň ýakynlaşmagynyň hem-de olaryň arasyndaky özara hormatyň netijeli usuly bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge üns berer. 

...GDA agza ýurtlaryň Liderleri “Leningrad Merkezinden” bütin dünýäde meşhur “Mariinskiý teatryna” ugradylar. Şu ýyl teatryň döredilmeginiň 235 ýyllygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary P.I.Çaýkowskiniň “Şelkunçik” atly baletine tomaşa etdiler. 

Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgdan Watanymyza ugrady.