HAZARYŇ TÜRKMEN KENARYNA GUŞLARYŇ GÜÝZKI GÖÇÜŞI DÖWRÜNDE “GYZYL KITABA” GIRIZILEN GUŞLARYŇ 5 GÖRNÜŞI DÜŞLEDI

Noýabryň ahyrynda howa ýene sowandan soň Hazaryň kenaryndan derýa ördekleri, çuluklar we tersaýaklar has köp uçup geçdi. Olardan soň çümüji ördekleriň, aýratynam çalbaş ördekleriň sürüsi, diňe Soýmonow kiçi aýlagyna olaryň 22 müňden gowragy geldi. Tautylar we “Gyzyl kitaba” girizilen gyzylinjikleriň sany artdy. Ýaşylbaşlar, gylguýruklar we bizçüňkliler ozalkylardan az geldi, jünekeýler ozalkydan bäş esse az bolsa, sakarja ördekler öňkiden 25 esse, çümüji ördekler 2,5 esse köpeldi. 

Hazaryň Demirgazyk kenarynda gyşyna awlanylýan uzak garaşdyran gyzylburun çümüji ördekler peýda boldular, sakarbalaklaryň ýa-da sakarbaraklaryň sany häzirlikçe köp ýyl bäri ortaça derejede saklanyp gelýär. Umuman noýabrda yzygiderli gözegçilik edilýän zolakda suwda-batgada ýaşaýan guşlaryň 38 görnüşi gabat geldi, olaryň jemi sany 194 müňden geçdi. Gyşlagyň ilki döwrüne olaryň näçesiniň galandygy eýýäm dekabryň ortasyna belli bolar, gyşlaga galan guşlaryň esasy hasaby, ozalkysy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda ýanwarda, şu ýyl ellinji gezek geçiriler. 

Geçip giden noýabryň gyňyr häsiýeti – aýyň ahyrynda Hazaryň kenaryndan geçen demirgazyk-gündogar sowuk howa akymy ötegçi gury ýer guşlaryny, şol sanda “Gyzyl kitaba” girenleriniň käbir görnüşlerini-de kenara tarap aşmaga mejbur etdi. Göze ilýän owadan belgili we iki ýurduň –Gazagystanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň halkalary bilen belgilenen uçar guşuň halkara derejeli guşdygy açyk bildirýär. 

Noýabryň jemini jemläp aýtsak, ýurdumyza “Gyzyl kitaba” girizilen guşlaryň 5 görnüşiniň: iki sany buýra gotanyň, 1162 sany gyzylinjigiň, 18 sany gara ördegiň, 287 sany gorçynyň we togdarynyň gelendigini bellemek gerek. Russiýa tundrasynda höwürtgeländen soň ýurdumyzdan ötüp giden ak durna halkara synçylarynyň habaryna görä, noýabryň başynda goňşy ýurtda, Eýranda gyşlaýan mekanyna ýetdiler.