img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN TOPH GAZ GEÇIRIJISI BOÝUNÇA HALKARA HYZAMTDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz, ilki bilen, wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi çagyrdy. Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda hasabat berdi. 

Hususan-da, häzirki wagtda täze energetika ulgamynyň türkmen bölegini gurmak işleriniň dowam edýändigi bellenildi. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde turbageçirijini çekmäge taýýarlyk görülýär. Degişli geologiýa-tehniki, ýerleri öwrenmek işleri ýerine ýetirilýär, desganyň daşky gurşawa täsiri kesgitlenilýär. Bu döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem turba önümlerini getirmek, Owganystanda we Pakistanda gaz geçirijini gurmak üçin bäsleşikleri geçirmäge taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän bölegini gurmagyň taslamasyny ätiýaçlandyrmagyň strategiýasyny taýýarlamak we maslahat bermek boýunça hyzmatlary etmek, şeýle hem ätiýaçlandyryş maksatnamasyny işläp taýýarlamak, dünýäniň iri ätiýaçlandyryş guramalary bilen gepleşikleri geçirmek, şertnamalary baglaşmak boýunça “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berdi. 

Bäsleşigi geçirýän topara tehniki-täjirçilik teklipleri, hususan-da, Beýik Britaniýanyň “Willis Towers Watson” kompaniýasyndan amatly teklip gelip gowuşdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisini gurmak boýunça işleriň barşyny makullap, onuň taslamasy boýunça halkara guramalar, maliýe düzümleri we nebitgaz kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak bilen bagly birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji düzümi döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bu ugurda geçirilýän işleriň möhüm bölegidir. 

Ýurdumyzyň känlerinden gözbaş alýan energetika ulgamlary dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşynyň möhüm halkalary bolup durýar. Milli Liderimiz tutuş dünýäniň giň goldawyna eýe bolan Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň şol ulgamy döretmäge gönükdirilendigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjyny” uzak möhletleýin akdyrjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze halkara energiýa köprüsiniň Owganystany asuda ýagdaýda dikeltmek, onuň durmuş-ykdysady düzümini galdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek babatda uly ähmiýeti bar. Bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat eder.