ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE BINALAR AÇYLDY

Şu gün Daşoguz şäherinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanmaga berildi. Olar Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşip, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň möhüm bölegine öwrüldi. Ýakynda bu ýerde 500-den gowrak maşgalanyň täze jaýly bolmagyna şert döreden köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi öz gapylaryny giňden açdy. 

Olaryň biri dört we üç otagly öýleriň 24-sini özünde jemläp, olarda ähli zerur amatlyklar üpjün edildi. Jaýy “Älem açary” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Beýleki iki jaýda 16 sany dört we üç otagly öýler ýerleşdirildi. Ony “Diýaryň kärhanasy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Jaýlaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli häzirki zaman gurluşyk serişdeleri ulanyldy. 

Şol gün Köneürgenç etrabynyň çäginde Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy esasynda täze iri ýyladyşhana toplumy gurlup, ulanylmaga berildi. Ol “Gök ýyldyz” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Iki bölümden ybarat, umumy eýeleýän meýdany 10 gektar bolan ýyladyşhanada pomidor ekildi. Bu toplum ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň her ýylda 1800 — 2000 tonnasyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Pomidoryň şitilleri toplumyň çägindäki ýörite meýdançada ösdürilip ýetişdirilýär. 

Şeýle hem toplumyň düzümine edara ediş binasy, taýýar önümleriň ammary, önümleri saýlamak we gaplamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulgam, tehniki ähmiýetli desgalar toplumy girýär. 

Toplumyň gurluşygynda ýerli howa şertleri nazara alnyp, ýokary ýylylyk saklaýjylyk ukyby bolan hem-de uzak wagtlap ulanylýan polikarbonat we aýna peýdalanyldy. Awtomatik usulda işleýän ýörite enjamlar ýyladyşhananyň degişli ýylylygyny, çyglylygyny we topragyň mineral serişdeler bilen baýlaşmagyny üpjün edýär.