img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE BAÝRAMÇYLYK MYNASYBETLI TÄZE BINALAR AÇYLDY

photo

Şeýle hem şu gün welaýatyň Bäherden etrabynda täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu ýerde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan birbada iki sany iri maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman obasenagat düzümini döretmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda bu ugra ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Munuň özi sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we döwletimiziň ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. 

Bu giň möçberli işleriň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar oba senagaty ýaly geljegi uly pudakda öz orunlaryny berkidýärler. Döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary oba hojalygynyň dürli ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar. 

Etrabyň “Mürçe” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän maldarçylyk toplumyny “Aýyt” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Häzirki döwürde özüniň ýokary hilli önümleri bilen Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan “Guş toplumy” hususy kärhanasy bu desganyň buýrujysy bolup durýar. 

2009-njy ýylda Ahal welaýatynyň çäginde açylan “Guş toplumy” guşçulyk toplumy ýurdumyzda şu ugurda hereket edýän hususy kärhanadyr. Ol guşçulyk bölümini, inkubatory, broýler bölümlerini, hususy oba hojalyk ýerlerini, iým kärhanasyny özünde jemleýär. Toplumyň oňyn tejribesi hususy pudagyň döwlet ulgamy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we bank düzümleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli ulgamyny emele getirdi. Hususy pudaga döwletiň goldaw bermegi tutuş dünýäde ykdysady ösüşiň möhüm guraly hasaplanylýar. 

“Guş toplumynyň” önümçilik kuwwaty her ýylda 200 tonna ete barabardyr. Häzirki döwürde onuň fermasynda 120 baş gara mal saklanylýar. Geljekde onuň sanyny 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde mallary saklamak, ýaş göleleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur şertler döredildi. Olara uzak möhletleýin esasda peýdalanmak üçin 305 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Onuň 5 gektarynda önümçilik desgalary ýerleşdirilip, beýleki ýerlerde ot-iýmlik ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. 

Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşdirilen “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýeti hem öz işini giňeltmegi dowam edýär. Ol birnäçe ýyl mundan ozal Bäherden etrabynyň çäginde özüniň ilkinji et-süýt toplumyny gurdy. Häzirki döwürde bu ýerde 2 müň 300-den gowrak gara mal saklanylýar. Germaniýadan getirilen iň meşhur tohumdaky sygyrlar önümlilik taýdan öňdebaryjy hasaplanylýar. Şeýle hem olar süýt önümçiliginde bolşy ýaly, et öndürmekde hem tapawutlanýar. Olaryň dürli howa şertlerine uýgunlaşýandygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde 1100-den gowrak dowar bar. “Arçman” daýhan birleşiginiň çäginde 75 gektar ýerde miwe baglary ýetişdirilýär. Bu ýerde miwe baglarynyň dürli görnüşleriniň 50 müňden gowragy ekildi. Şeýle hem açyk meýdanda bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. 

Ahal welaýatynyň çäginde “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýetiniň guran maldarçylyk toplumy sebitde kuwwatly maldarçylyk pudagyny emele getirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Ol ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdiriler. 

Şu maksat bilen Germaniýanyň aberdin-angus tohumyndaky sygyrlaryň 69-sy satyn alyndy. Bu gara reňkli şahsyz mallar Şotlandiýada ýetişdirilip saglygynyň berkligi we ýetişdirmek üçin ykdysady taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Aberdin-angus sygyrlary dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy bilen bellidir. Şeýle hem olary ýeterlik we ýokary hilli iým bilen üpjün etmek arkaly ýylyň ähli paslynda açyk asmanyň astynda saklap bolýar. 

Häzirki döwürde bu ýerde 600-e golaý mal bar. Ilkibada toplumda ýylda 15 tonna et öndüriler. Soňlugy bilen onuň möçberi 180 tonna ýetiriler. Şeýle hem mallaryň baş sanyny iki essä golaý artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle sygyrlaryň eti ýuka ýag gatlakly bolup, örän ýokumly hem-de ter hasaplanýan etleriň hataryna girýär. Şeýle hem “Güwälendirilen angus tohumyndaky sygyr eti” (Сertified Angus Beef) nyşanly et ýokary bahaly hasaplanylýar. Şeýlelikde, dünýä ýüzünde uly isleg bildirilýän şu görnüşdäki etiň önümçiligini ýola goýmaga we ony eksporta ugratmaga mümkinçilik dörär. 

Ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin telekeçilere 500 gektar ýer bölünip berildi. Oňa ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, garpyzyň, şugundyryň iýmlik görnüşleri ekildi we häzirki döwürde oňat hasyl alyndy. Ýerleri suwarmak üçin suw tygşytlaýjy ulgam peýdalanylýar. Onda ABŞ-nyň “LINDSEY” kompaniýasynyň suwaryş gurnamalarynyň altysy ulanylar. Olaryň her biri 50 — 55 gektar ýeri suwarmaga niýetlenip, gurnamalar ýerleri endigan suwarmaga we suw serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer.