TÜRKMENISTANDA MÜSÜRIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ihab Ahmed Talaat Nasry Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ihab Ahmed Talaat Nasryň diplomatik gullukdaky uly tejribesi hem-de belent şahsy häsiýetleri onuň özüniň möhüm wezipesini mynasyp ýerine ýetirjekdigine we Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat-sarpasyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden oňa doly goldaw bermegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn hem Size bagt hem-de Türkmenistana rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Çuňňur hormat goýmak bilen,
Siziň hakyky dostuňyz,
Abdel Fattah AL SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.