img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞOGUZYŇ «ÇEPER» TIKINÇILIK FABRIGI TÄZE MODELLI ÖNÜMLERIŇ GÖRNÜŞINI ARTDYRÝAR

photo

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky “Çeper” tikinçilik fabriginde trikoaž önümleriň ondan gowrak görnüşi özleşdirildi. Munuň özi kärhanada Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň belli kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlarynyň oturdylmagy netijesinde mümkin boldy.

Täze ugry üstünlikli özleşdiren tikinçiler ýokary hilli elastik matadan spor we gündelik egin-eşikleri, çagalar üçin keltekçelerei we beýleki gelşikli lybaslary taýýarlaýarlar. Kärhananyň hünärmenleri bu modelleri işläp taýýarladylar. Fabrikde ilkinji gezek çaga paltolaryny tikmek özleşdirildi, olara alyjylar uly isleg bildirýärler.

Kärhananyň işgärleri täze nusgalaryň hataryny giňeltmek we alyjylar köpçüligine niýetlenen önümleriň hilini gowulandyrmak babatda iş alyp barýarlar. Fabrikde egin-eşikleriň, düşeklikleriň we öýde ulanylýan dokma önümleriniň ýüze golaý görnüşi çykarylýar. Diňe şu ýylyň on bir aýynda bu ýerde alty million üç ýüz müň manatlyga golaý önüm öndürildi.