TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Prezident, gadyrly doganym, 


12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. 

Türkmenistanyň Bitaraplyga, şeýle hem Türkiýäniň ses beren Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan wagtyndan bäri türkmen döwleti Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp, sebit durnuklylygynyň we ösüşiniň berkemegine saldamly goşant goşdy. 

Siziň başlangyjyňyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi sebitde we Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ädim boldy. 

Taryhy-medeni, ruhy arabaglanyşyklaryň hem-de gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanan dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlarda ösjekdigine ynanýaryn. 

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize — öz gadyrly doganyma berk jan saglyk, bagt we üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. 

Rejep Taýyp Ärdogan, 
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.