TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 


Size we doganlyk türkmen halkyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. 

Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň hemmesiniň biragyzdan goldan we ykrar eden bu güni Siziň döwletiňiziň häzirki zaman taryhynda düýpli öwrülişik bolmak bilen ýurduňyzda gülläp ösüşi, parahatçylygy we asudalygy üpjün etmekde ähmiýetli waka bolup durýar. 

Biz Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini doly we gürrüňsiz goldamak bilen onuň hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki döwletleriň içerki işine goşulyşmazlyk, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berýäris. 

Biziň halklarymyzyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen we çuňňur taryhy kökleri bar bolan, häzirki wagtda bolsa strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýeten dostluk-doganlyk gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de işjeň ösjekdigine ynanýaryn. 

Gadyrly we hormatly doganym Gurbanguly Mälikgulyýewiç, bu şanly günde Size öz ýurduňyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli we yhlasly işiňizde egsilmez gujur-gaýrat we üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüşi arzuw edýärin. 

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, 
Şawkat Mirziýoýew, 
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.