TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz, 


Türkmenistanyň milli baýramçylygy — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň adyndan we öz adymdan gutlaýaryn. 

Bitaraplyk derejesi Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň kepillendirijisine öwrüp, başlangyçlar bilen çykyş etmäge hem-de giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Siziň ýurduňyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni hakynda Kararnamasy bilen tassyklanyldy. 

Belarus Respublikasynda geçen ýyllarda ykdysady, durmuş we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine ýokary baha berýärler, şeýle hem köpugurly belarus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna buýsanýarlar. Öz tarapymdan Siziň Belarus Respublikasyna aýratyn garaýşyňyz, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek işine goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size jan saglygyny, bagtyýarlyk, egsilmez döredijilik ylhamyny, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylygy we rowaçlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin. 

Hormatlamak bilen, 
Mihail Mýasnikowiç, 
Belarus Respublikasynyň 
Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy.