ARASSA ÝÜŇDEN DOKALAN ÝORGANÇALAR: DÄPLER JÄHTINDEN IŞEWÜRLIK MAKSATNAMASY

Türkmen maşgalalarynyň köpüsinde häzirem goýun we düýe ýüňünden elde dokalan örtgüler hem-de ýorgançalar islegli zatlardyr. Diňe bir arassa ýüň däl, eýsem enelerimiziň eli bilen tüýden we saýan ýüňüne siňen mähriniň yssysy seni ýyladýan ýaly bolup dur. Ýokary tehnologiýalar eýýamy bolan häzirki döwürde oňaýly we ekologiýa taýdan arassa önümler döwrebap enjamlarda taýýarlanylýar. 

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşi hususy haryt öndürijileri eksporta gönükdirilen önümleriň görnüşlerini artdyrmaga höweslendirýär. Muňa mysal hökmünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary - telekeçi doganlar Röwşen we Döwran Begmämmedowlaryň goýun ýüňünden dürli önümleri çykarmaga ýöriteleşdirilen kärhanasyny görkezmek bolar. Bilşimiz ýaly, ýylda iki gyrkylýan goýun ýüňi ýurdumyzda ýeterlik harytdyr. 

Şu ýyl Ahal welaýatynyň senagat zolagynda gurlup, işe girizilen hususy zawod ýylda bir müň tonna önüm çykarmaga niýetlenen. Kärhanada daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edilen sehleriň ikisi bar. Olaryň birinde içerki bazarda uly ilsegli haly ýüplükleri, beýlekisinde bolsa, örtgüler we ýorgançalar çykarylýar. Örtgüler we ýorgançlar üçin ýagşy işlenen we ýuwulan ýüň ulanylýar. Önümçiligiň ähli tapgyrynda önümiň hiline berk gözegçilik ýola goýlan. Çig mal Marynyň ýüňi ilkinji işleýän fabriginden satyn alynýar, munuň üçin hususy haryt öndürijiler bu kärhana bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýupdyrlar. 

Telekeçileriň aýtmagyna görä, bu çig malyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Goýun ýüňi bejeriş sypatlaryna eýedir, ol radikulitde, artritde we osteohondrozda agyry aýyrmaga kömek edýär. Goýun ýüňünden dokalan ýorgançalary ulanýan adamlarda çakyza we baş aýlanma az bolýar diýlip hasaplanylýar. Mundan başga-da, ol ýylylygy gowy saklaýar, onda çyg uzak durmaýar, şeýle hem onuň organoleptiki we antibakteriýal sypatlary bar. 

Begmämmedowlaryň kärhanasynyň işläp başlanyna ýaňy iki aý bolan bolsa-da, bu ýerde eýýäm synag ýorgançalarynyň we örtgileriniň ilkinji tapgyry çykaryldy. Ekologiýa taýdan arassa we durmuşda gerekli bu harytlar täze ýylyň öň ýanynda paýtagtymyzyň we sebitleriň söwda nokatlaryna gelip gowuşdy. Iň täze tehnologiýlaryň ulanylmagy, oýlanşykly marketing strategiýasy we önümlere alyjylaryň uly isleg bildirmegi ýerli haryt öndürijilere diňe bir içerki bazarda däl, eýsem geljekde daşary ýurtlarda hem bu önümleriň alyjylaryň islegli harydyna öwrüljekdigine bil baglamaga mümkinçilik berýär.