BAÝRAMÇYLYK DABARALARY
Düýn, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynda ýetilen sepgitler atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, alymlar hem-de myhmanlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk maslahatynda toplumyň tapawutlanan işgärlerine Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasy betli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de baýramçylyk maslahatynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy we Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan yglan edilen «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym”, «Ösüşlerden-ösüşe, öňe ümzük atanym, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir Watanym» atly iň gowy ýazylan makalalaryň, oçerkleriň, fotoreportažlaryň, goşgudyr hekaýalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi hem-de olar Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Zähmetde tapawutlanmak guwandyryjy ýagdaý, munuň üçin hormatly Prezidentimiziň sowgadyna eýe bolmak has başgaça, bahasyna ýetip hem-de söz bilen beýan edip bolmajak şatlygy bagyş edýär. Baýramçylyk maslahatynyň dowamynda şular hakynda gürrüň açylanda, «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň Serdar etrap gaz hojalyk edarasynyň ADG-nyň uly dispetçeri Muhammet Muham medow şeýle gürrüň berdi:
— Bu günki gün şeýle şatlygy özüm başdan geçirýärin. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününde zähmetde tapawutlanan kärdeşlerimiň ençemesi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň sowgadyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Muňa maşgalamyz bolup begendik. Eden yhlasyň ýerde ýatmaýan, çeken zähmetiň yrýa gitmeýän ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanýarys.
Men bu pudakda eýýäm ençeme ýyl bäri zähmet çekip gelýärin. Şeýle bolan soň, ýurdumyzyň senagat taýdan ösmeginde aýratyn orna eýe bolan pudagyň işiniň gün saýyn ilerleýändigine has ýakyndan şaýat bolýarys. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär baýramyny uly dabaralar bilen bellemäge mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir. Ýurdumyz ösýär, Watanymyzyň at-abraýy has-da belende galýar. Şeýle döwürde biz hem yhlasly zähmetimiz bilen bu ösüşlere saldamly goşant goşmagy özümize borç edinýäris. Biz ýadaman işläris, irginsiz zähmet çekeris. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar.
Baýramçylyk maslahatyndan soňra Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň naharhanasynda ýurt abadançylygynyň hatyrasyna baýramçylyk sadakasy berildi. Agşam baýramçylyk maslahaty «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkezinde guralan konsert bilen utgaşyp gitdi.