ÝULDUZ JUMABAÝEWA — AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYŇ BAÝRAGYNA EÝE BOLDY

Agyr atletika boýunça Kataryň 5-nji halkara kubogy ugrunda Dohada geçirilýän ýaryşlarda türkmen topary ilkinji medaly gazandy.

49 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa çykyş edip, itekläp götermekde 100 kilogramy galdyrmagy başardy. Bu bolsa agyr atletikaçy türkmen türgenine bürünç medaly getirdi. Jemi göteren agramy boýunça 175 kilogram netije ýaryşda bäşinji görkeziji boldy.

Ýaňy-ýakynda, noýabr aýynda agyr atletika boýunça Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde Ý.Jumabaýewanyň iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Dohada dowam edýän ýaryşlar 2020-nji ýylda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama bäsleşikleriň möhüm tapgyrydyr.