“TÜRKMENKABEL” ZAWODYNYŇ IŞGÄRLERI ŞU ÝERDE TIKILÝÄN IŞ EŞIGI BILEN ÜPJÜN EDILDI

“Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň Aşgabadyň “Türkmenkabel” zawodynda ýörüte iş eşiklerini tikýän seh açyldy. Tikinçiler önümçilikde işlemeklige niýetlenen toplumlary - keltekçeleri we jalbarlary çykarmagy özleşdirdiler. Şeýle hem iş elliklerini çykarmak ýola goýuldy. 

Sehde her gün ýüz topluma golaý eşik taýýarlanylýar. Tiz wagtdan önümçilik kuwwaty üç esse artdyrylar. Bu ýerde kärhanalaryň we firmalaryň logotipi goýlan korporatiw eşikleri, zenan halatlaryny we beýleki önümleri çykarmagy göz öňünde tutýarlar. 

Şu ýyl kärhanada öndürilýän harytlaryň görnüşi has-da artdyryldy. Kabel önümlerinden başga-da, elektrik toguny hasaplaýan elektron enjamlaryň, transformator kiçi beketleriniň önümçiligi özleşdirildi, senagat we öý kondisionerlerini abatlamak ýola goýuldy. Ýurdumyzyň energetikleri dürli elektrotehniki önümlere uly isleg bildirýärler. 

Mundan başga-da, kärendeçiler – hojalyk jemgyýetleri – LED-çyralaryň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça önümçilikleri açdylar. Gaz we elektrik plitalaryny, elektrik ýyladyjylaryny, kiçi demojaklaryny we hojalykda ulanylýan beýleki dürli enjamlary çykarmak boýunça bilelikdäki kärhana enjamlaşdyrylýar. 

Kärhanada elektrik energiýasyny hasaplaýan üç fazaly enjamlary, demir gurnamalary we isleg bildirilýan beýleki önümleri çykarmagyň hasabyna önümçiligi giňeltmek göz öňünde tutulýar.