RESMI HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY P.H.Durdyýew hakynda

Parahat Hommadowiç Durdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bangladeş Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 20-nji dekabry.

 

*   *   *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Ç.T.Rustemowa hakynda

Çynar Täjiýewna Rustemowany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky (Pekin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 20-nji dekabry.