TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, emele gelen gatnaşyklaryň, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara gyzyklanmany tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup, iki ýurduň milli we sebitleýin wezipelerini hasaba almak bilen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, söhbetdeşler gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýola goýulmagyna we ýokarlandyrylmagyna, şol sanda işewür toparlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň köp babatda özara haryt dolanyşygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna şert döredýändigini bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolan ynsanperwer ulgamyň wajypdygyny belläp, iki döwletiň Baştutanlary bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada aýtdylar. Munuň özi türkmen we gyrgyz halklarynyň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklarynyň netijesidir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara ugurlaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklandy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Sooronbaý Žeenbekow türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň açyklyk we özara düşünişmek esasynda ösüşiň täze derejesine çykarylandygyny aýdyp, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.