TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etmek bilen, ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýylyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin.
HARALD V,
Norwegiýanyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze ýyl mynasybetli bagtyýarlyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
MARGRETE II,
Daniýanyň Şa zenany.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen.
TUPOU VI,
Tonganyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Şu baýramçylyk günleri geçen ýylyň netijeleri barada oýlanmak bilen adamlar biri-birine hoşallyk duýgularyny beýan edýärler.
Goý, 2019-njy ýyl umyt-arzuwlaryň we islegleriň amala aşýan ýyly bolsun!
Žýuli PEÝETT,
Kanadanyň General-gubernatory.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň!
Täze Zelandiýanyň General-gubernatory
hanym Petsi REDDI ýanýoldaşy bilen.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Täze ýyl mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy hem-de 2019-njy ýylyň bagtyýarlygyň, saglygyň we parahatçylygyň ýyly bolmagy baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn.
Geçen ýylda maňa bildiren ynamyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin hem-de bellenilen wezipeleri çözmek üçin Täze ýylda gujur-gaýrat arzuw edýärin.
Angela MERKEL,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri.