img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

2019-NJY ÝYLDA JEMI 2030 TONNA PILE ÖNDÜRILER

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew 2019-njy ýylda pile öndürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan piläniň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle hem, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, bu ugurda degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýüpekçilik edaralaryny zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler, taýýar önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemegiň ugurlary kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda piläniň jemi 2 müň 30 tonnasyny öndürmek boýunça teklip aýdyldy. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 485 tonna, Lebap welaýatynda 960 tonna we Mary welaýatynda 405 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär.