DEŇIZDE MILLI DAŞAÝJY HAKYNDA DÜZGÜNNAMA TAÝÝARLANYLÝAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Deňizde milli daşaýjy hakynda Düzgünnamany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, deňiz flotunyň işini hem-de ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli resminama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda deňizde milli daşaýjy hökmünde “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini kesgitlemek teklip edilýär.
Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Düzgünnamada ýük gatnatmak ulgamyny dolandyrmagyň hukuk hem-de ykdysady, guramaçylyk esaslary, deňiz gurşawyny goramak we saklamak, halkara gatnaşyklaryň beýleki kadalaryny berjaý etmek meseleleri kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitiniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetlidigini belledi. Portuň doly kuwwatynda işledilmegi döwletimiziň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykmagyna mümkinçilik döreder we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny, Türkmenistanyň yklymyň multimodal gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirer.
Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümi diňe bir bar bolan islegleri däl, eýsem, uly geljegi bolan kämil teklipleri, ýokary derejeli hyzmatlary kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykmagy bilen yklymüsti ýük gatnawlarynyň möhüm ulgamyna, portuň ýük terminallarynyň bolsa iň gysga hem-de amatly ugurlar boýunça ýük ugratmaga ukyply wajyp bölege öwrülmegine giň ýol açar diýip, milli Liderimiz belledi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda giň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen we ähli ýurtlaryň, halklaryň bähbidine kybap gelýän ulag ulgamy babatda wajyp Kararnamalary kabul edendigini bellemeli. Şeýlelikde, Türkmenistan öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur işleri amala aşyrýar.
Milli Liderimiz eksport maksatly ugurlaryň yzygiderli artdyrylmalydygyna ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda önümçiligiň möçberiniň köpelmeginiň daşary ýurtlara deňiz arkaly ugradylýan ýükleriň mukdarynyň ýokarlandyrylmagyny we täze söwda ugurlarynyň açylmagyny üpjün etjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan ugradylýan ýükleriň möçberiniň artmagynyň, milli söwda flotunyň işiniň giňelmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamynda tutýan ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirjekdigini nygtady. Bu bolsa daşary söwda dolanyşygy düzüminiň işiniň köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri ösdürmäge ünsi çekip, M.Çakyýewe elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.