TÜRKMEN WEKILÝETI SAMARKANT ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK “MERKEZI AZIÝA+HINDISTAN” ATLY MASLAHATYNA GATNAŞAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de sebitara gatnaşyklaryň täze düzümini döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Häzirki wagtda türkmen tarapy şu sebitleriň döwletleriniň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmek boýunça zerur işleri amala aşyrýar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde “Merkezi Aziýa+Hindistan” atly gepleşigiň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman syýasy we ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen hem-de köp asyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, ysnyşykly ykdysady hyzmatdaşlygyň, däp-dessurlaryň, taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň esasynda bu düzüme girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.
Gepleşigiň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-tehnologiýa hem-de bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine yzygiderli garalar. Bellenen ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasyny bu düzümiň işine gatnaşmaga çagyrmak boýunça teklipleri beýan etmek göz öňünde tutulýar.
Özara gatnaşyklaryň döredilýän guralynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny hem-de iri halkara we sebit taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, 12 — 13-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa+Hindistan” atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Owganystanyň gatnaşmagynda sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn täsir edýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, Günorta Aziýa hem ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli sebit bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Hindistan bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak ýörelgelerinde guramak bilen, ony syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy we bu düzümiň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindi ummanyna çykmagy babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz gepleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda berk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňümizdäki maslahata gatnaşmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.