img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

photo

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 


Roždestwonyň şatlykly hem-de Täze ýylyň bagtly bolmagyny arzuw edýärin. 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti 
Donald Tramp maşgala agzalary bilen. 

 

***


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz! 


Geçen ýylda Koreýa Respublikasyna beren goldawyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin, bu goldaw Koreýa ýarym adasynda parahatçylyk ugrundaky tagallalarymyzyň uly çeşmesine öwrüldi. 

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze ýylda hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. 

Ählumumy rowaçlyk şertlerinde ýaşamak arzuwynyň bilelikde amala aşyrylmagyna umyt edýärin. 

Täze ýylda Siz bilen duşuşmak mümkinçiligine umyt edýärin. 

Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we bagt arzuw edýärin. 

Mun Çže In, 
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti. 


 

***


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz, 


Täze ýylyňyz gutly bolsun! 

Kolinda Grabar-Kitarowiç, 
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti. 


 

***


Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz! 


Roždestwo hem-de Täze ýylda iň gowy arzuwlar bilen! 

Anri, 
Lýuksemburgyň Beýik Gersogy.