“ALTYN ASYR” TÜRKMEN KÖLÜNE ÝANAŞYK ÝERLER IŞJEŇ ÖZLEŞDIRILER
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatynda Garagumuň jümmüşinde daşky gurşawy gowulandyrmaga, suw hem-de ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna gönükdirilen ägirt uly ekogidrotehniki taslamanyň — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ähmiýetine we gerimine ünsi çekdi.
Bu möhüm ekologiýa taslamasynyň maksady ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny toplamakdan hem-de şolary ýurdumyzyň demirgazyk-günbataryndaky Garaşor çöketligine sowmak üçin şor suw akabalarynyň bir bitewi ulgamynyň döredilmeginden ybaratdyr. Bu çöketlik tutuşlygyna Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Häzirki wagtda bu ýerde 580 million kub metre golaý suw toplandy.
Ylmyň we tehnikanyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ösýän asyrynda, ykdysadyýetiň zerurlyklarynyň artýan döwründe suw we ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin jogapkärçilik hem ýokarlanýar. Şonuň üçin işiň netijeliligini artdyrmak, halk hojalygynda düýbünden täze, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uzak möhletleýin ykdysady ähmiýete eýedir.
Şor suw akabalarynyň takyk işlemegi netijesinde, “Altyn asyr” Türkmen kölüne ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ulanylan suwlar akyp gelýär, bu bolsa ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna, ýerli tebigat we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär, umuman alnanda, daşky gurşawyň ekologiýa howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrýar hem-de halkymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, bu ulgamda işleri kämilleşdirmäge ýardam etjek möhüm wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, suwy rejeli peýdalanmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýerleri suwarmagyň döwrebap usullaryny oba hojalygyna ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri bar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara alymlar we hünärmenler bilen bilelikde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýagdaýyny öwrenmegi, oba hojalygynyň hajatlary, kölüň töwereginde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanmak maksady bilen, onda ýygnanan suwuň möçberini hem-de hilini jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.
Şonuň üçin şora durnukly ýerlerde suwy peýdalanmak bilen bagly ylmy barlaglary geçirmek hem-de köle golaý ýerlerde düýedarçylygy, balykçylygy ösdürmek möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde balykçylyk bilen meşgullanmak üçin daýhan hojalyklaryny döretmek bilen bagly meseläni içgin öwrenmek we degişli teklipleri taýýarlamak barada welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.
Umuman, ylmy nukdaýnazardan emeli köle ýanaşyk ýerleri işjeň özleşdirmek hem-de kölde ýygnanan suwy netijeli ulanmak boýunça anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň hemmesi diňe ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin uly ekologiýa ähmiýete eýe bolup, türkmen döwletiniň ekologiýa syýasatynyň we suw diplomatiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi.