OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ HÜNÄRMENLERI OBA HOJALYK PUDAGYNDA GIŇDEN ULANYLÝAN ADALGALAR BILEN BAGLANYŞYKLY SÖZLÜK NEŞIR EDERLER
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatynda bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny artdyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, şol ýerleri ekiş üçin suw bilen üpjün etmegi pudagyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Şol wezipeler Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba özgertmeleriniň möhüm ugurlary bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini amatly möhletlerde geçirmegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga degişli anyk tabşyryklar hem berildi.
Ekerançylyk türkmen halkynyň hojalyk işiniň gadymy pudagydyr. Ata-babalarymyz howanyň gurak şertlerinde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň baý we gymmatly tejribesini topladylar. Bu taryhy tejribe häzirki günlerde hem öz möhümligini ýitirenok. Şol tejribe ençeme atalar sözlerinde, nakyllarda öz beýanyny tapypdyr. Milli Liderimiz bu sözleriň ekerançylygy alyp barmagyň aýratynlyklaryny örän takyk häsiýetlendirýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçip, asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelen däp-dessurlarymyzyň halkymyzyň aňynda saklanyp galan daýhançylyk, topraga we suwa aýawly garamak, oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň aýratynlyklary, gadymy geçmişdäki ekerançylygyň tejribesi hem-de häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda giňden ulanylýan adalgalar bilen baglanyşykly parasatly sözleri toplamak hem-de sözlük görnüşinde neşir etmäge taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.